Türkmenistan Russiýanyň üstaşyry nebit geçirmek boýunça ikinji orny elde saklaýar

eye
653
Türkmenistan Russiýanyň üstaşyry nebit geçirmek boýunça ikinji orny elde saklaýar

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda nebiti Russiýanyň üstaşyry daşary ýurt bazarlaryna çykarýan ýurtlaryň arasynda ikinji orny saklamagy başardy. Bu barada Ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi müdirligine salgylanmak bilen, Interfaks habar berýär.

Şu maglumatlara görä, Türkmenistanyň nebit tranziti agzalan döwürde 641,3 (aprel aýynda 160,59) müň tonna barabar boldy. Bu ugurda nebit üpjün edijileriň arasynda “kerweniň başyny” 4,62 (aprelde 1,17) mln. tonna nebit geçiren Gazagystan çekýär. Türkmenistandan soň, degişlilikde 559,3 (aprelde 141) we 253,76 (aprelde 84,31) müň tonna nebiti Russiýanyň üstünden geçiren Belorussiýa bilen Azerbaýjan gelýär.

“Russiýa nebitiniň alys ýurtlara eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda 66,65 mln tonna barabar boldy, bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli görkezijisinden 20,5% pesdir” diýip, Interfaks belleýär. Şunuň bilen birlikde, Russiýanyň nebit şereketleri gürrüňi edilýän döwürde nebit satmagyň möçberini 95,7%, ýagny 4,92 mln tonna çenli artdyrdylar.