Resmi habar

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen,

2-nji derejeli ýurist Muhammetmyrat Gurbanmyradowiç Sapargulyýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesine,

2-nji derejeli ýurist Rahim Çaryýarowiç Çaryýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Döwran Aşyrmyradowiç Nazarow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.