Ï Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar ýurtda telekeçi-ombudsman institutyny döretmegi maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar ýurtda telekeçi-ombudsman institutyny döretmegi maslahatlaşdylar

view-icon 1333

«Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» taslamasynyň çäginde ýurtda telekeçileriň hukugyny goramak boýunça ygtyýarly wekiliň, ombudsmanyň wezipesini döretmek barada webinar geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hemaýat bermeginde ABŞ-nyň halkara ösüş Agentligi (USAID) we BMG-niň neşekeşlige we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi tarapyndan guraldy.

Ykdysadyýetde hususyýetçiligi berkitmekdäki milli strategiýa bilen baglanyşykly telekeçi-ombudsman institutynyň döredilmegi halkara ülňülerini berjaý etmek arkaly zähmet jedellerini çözmekde peýdaly ädim bolar.

Bu çärä ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa gatnaşdy.

Ilçi öz çykyşynda şeýle diýdi: « Biz Türkmenistanyň durnukly ösüş babatda 8-nji maksady ýerine ýetirmekde, ýagny, öňe gidişlikli, ähli ugurlary özünde jemleýän we durnukly ösüşe ýardam bermek ugrunda amala aşyrýan işlerine ýokary baha berýäris».

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Edarasynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşan bu onlaýn-duşuşygynda zähmet hukuklaryny goramaga degişli beýleki birnäçe meselelere-de seredildi. Şeýle-de olar ençeme kompaniýalaryň adam hukuklarynyň ýörelgelerine laýyklykda ulanýan öňdebaryjy usullary bilen tanyşdylar.

ABŞ-nyň halkara ösüş Agentliginiň (USAID) «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dördüsinde, ýerli häkimiýet guramalarynyň, raýat jemgyýetçiliginiň we telekeçiler birleşmeleriniň wekilleriniň ýakyn hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirilýär.

Roman TEPLÝAKOW