Ï Uruş habary gurşun reňkli buluda öwrülip, dem salymda köpmilletli uly ýurduň oba-şäherlerini büredi. Uruş tanklaryň agyr zynjyrlary bolup, adamlaryň ykballarynyň üstünden geçdi, emma olaryň ruhuny syndyryp bilmedi. Hak işe bolan berk ynam bu hupbata döz g
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Ýeňşiň şanyna: şekillendiriş sungaty muzeýindäki sergi

view-icon 4651

Uruş habary gurşun reňkli buluda öwrülip, dem salymda köpmilletli uly ýurduň oba-şäherlerini büredi. Uruş tanklaryň agyr zynjyrlary bolup, adamlaryň ykballarynyň üstünden geçdi, emma olaryň ruhuny syndyryp bilmedi. Hak işe bolan berk ynam bu hupbata döz gelmäge we duşmany ýeňmäge medet berd. 

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriniň Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy.

Bölümleriň birinde şol ýowuz ýyllaryň wakalaryny yzygiderli suratlandyrýan şekillendiriş işleri görkezilýär. Ekspozisiýa babyny Ýuliý Daneşwaryň “Goşuna çagyryş” atly suraty açýar. Bir oral aýal pälwansypat, görmegeý iki ogluny çagyryş punktyna getiripdir. Enäniň watanperwerligi tomaşaçyda çäksiz hormat oýarýar.

“Watan üçin söweşe!” – Ýuliý Daneşwaryň gulluga çagyrylanlaryň urşa ugradylyşyny beýan edýän başga bir suraty şeýle atlandyrylýar. Urşuň başlarynda mähriban ojaklaryny terk edýän ýigitlerdir olary ugradýan ýakynlary, hatda urşuň uzak ýyllara çekjekdigini we köplere dolanyp gelmegiň miýesser etmejekdigini gümanam edenoklar...

Aleksandr Saurow öz eserinde maglumat býurosynyň radiodan berilýän habarlaryna tolgunma bilen garaşylyşyny suratlandyrypdyr.

Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş hatyrasyna Goranmak gaznasyna tonnalap altyn-kümüş şaý-sep tabşyran türkmen aýal-gyzlarynyň gahrymançylygy asyrlaryň dowamynda ýaşar. Bu temadan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowa ýurduň Goranmak fonduna şaý-seplerini, pullaryny, zaýomlaryny, oba hojalyk önümlerini we ýyly geýimleri tabşyran aýal-gyzlarymyzyň gahrymançylygyny bakylaşdyran “Türkmen aýal-gyzlary – Watana” atly suratyny çekdi.

Başga bir kartinada biziň gorky-ürkini bilmeýän razwedkamyz gizlin maglumatlary ele salmak üçin duşmanyň sürenine aralaşyşy görkezilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi Wladimir Pawlowskiý gijäniň garaňkysyna duwlanyp, serkerdeligiň tabşyrygyny ýerine ýetirýän razwedkaçy Ataýewi görünmezlik üçin geýilýän ak ýektaýda şekillendiripdir.

General Ýakup Kulyýew esgerleri söweşe alyp barýar. Atlary jylawyny çeýnäp duran goşun hüjüme dyzaýar, emma tejribeli general, dürbiden garşydaşyň içki ýagdaýyny doly öwrenip, gyssanman, hüjüm üçin amatly wagty peýleýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurow Stalingrad söweşine gatnaşan general Kulyýewi, ine, şeýle görkezipdir.

Ine, ahyrsoňy uzak garaşylan Ýeňiş Güni ýetip geldi! Bu baýram aýratyn gymmatly we ähmiýetli çuň manysyny we beýikligini adamzat taryhyndaky iň gandöküşikli uruş gutaranyndan 76 ýyldan soň, biziň günlerimizde-de ýitirenok.

Halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň kartinasynda aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň Baky alawyň öňünde, gijäniň asmanyny dürli reňkde öwşün atýan nagyşlara bezän baýramçylyk salýutlarynyň astynda tüýs ýürekden şatlanyşlary görkezilipdir.

Tamara GLAZUNOWA

Surat: ÝURIÝ ŞKURINIŇKI