Ï Ýazgül Şamyradowa: ilkinji türkmen zenan kinorežissýory
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýazgül Şamyradowa: ilkinji türkmen zenan kinorežissýory

view-icon 3171

Ol kinorežissýor bolan ilkinji türkmen zenanydy. “Internetden köp zat tapmak bolýar” diýseler-de, onda Ýazgül Şamyradowa barada bir-iki oýnam setir bar.

Eýsem-de bolsa, belli kinorežissýor Mark Donskoý bilen baglanyşykly habarlarda biraz köpräk maglumatyň bardygy bizi begendirdi: “Ilkinji türkmen zenan kinorežissýory. Filmlere türkmen dilinde ses beriş režissýory bolup işledi. “Çapaýew”, “Lenin 1918-nji ýylda”, “Borsk asmanynyň bulutlary”, “Oktýabr günlerinde”, “Şeýle ýigit bar”, “Göterilen tarp”, “Olar diňe ýüzünden bilnerdi”, “Men Moskwany gezýärin” kinofilmleri şolaryň käbiridir. “Polat nädip taplandy” filminde režissýor M. Donskoýyň kömekçisi bolupdy (1942 ý.).

Gynansak-da, Ýazgül Şamyradowany häzir juda az adam bilýän ekeni. Suratyny-da tapmak hylalla boldy. Ol kino sungatyny öwreniji, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Gapbar Ballyýewiç Hümmedowyň öýünde bir saý-sebäp bilen saklanyp galypdyr.

Ýazgülüň ata-enesi sada oba adamlary ekeni, olar ýanwar aýynda doglan gyzlaryna Ýazgül diýip at dakanlarynda, munuň köp babatda onuň geljekki ykbalyny kesgitlejekdigi barada gümanam eden däl bolsa gerek. Güneş sary boý atýan nowruzgül ýaly, ol täze bilimlere höwesekdi, döredijilikli oýlnaýardy.

Baýramaly etrabynyň “Ýalkym” obasynda ýaşaýan Şamyradowlaryň köp çagaly maşgalasynyň başyna düşen kynçylyklar alty ýaşly Ýazgüljigi internata bermäge mejbur edýär. Eýýäm şol döwürde gyzjagaz deň-duşlaryndan bilime üýtgeşik höwesi bilen tapawutlanýardy. Mugallymlar we terbiýeçiler bilen gürrüňdeşlikde ol özi üçin soraga ýer goýanokdy, hemme zadyň teýine ýetjek bolardy.

Okuwa, täzäni öwrenmäge bolan höwes Ýazgüli 14 ýaşynda Çärjewiň mugallymçylyk mekdebine alyp barýar. Emma eline alan mugallymçylyk kärinden kanagat tapmadyk Ýazgül “Lenin ýoly” gazetinde edebi işgär bolup işläp ugraýar. Eýse, öwrenmek, bilmek, gatnaşyk etmek, özüň üçin täze, heniz öwrenilmedik zady açmak žurnalistiň ykbalyna ýazylman, kimiňkä ýazylsyn!

Soňra durmuşa çykyp, Aşgabada gelenden soň, Ýazgül respublikanyň “Ýaş kommunist” ýaşlar gazetiniň zenanlar bölümine ýolbaşçylyk edýär.

Ýöne döredijilige, bilime we täzelige höwesi ony has uzaga alyp gidýär. Žurnalistlik we redaktorlyk tejribesinden geregini edinen Ýazgül 1939-njy ýylda kino sungatynyň syrly dünýäsi bilen tanyşýar, bu-da onuň geljekki 40 ýyllyk ykbalyna öwrülýär. Ýazgül Şamyradowa “Türkmenfilm” kinostudiýasynda hut şonça wagt zähmet çekipdi.

Ýazgül Şamyradowanyň kinostudiýa gelmegi adam bilen hünäriň bir-birini jüp sataşýan pursadydyr. Otuzynjy ýyllaryň ahyrynda kino sungatynda sesli filmler surat düşürilip ugraýar. Filmleriň gahrymanlaryny türkmen dilinde gürletmek zerurlygy ýüze çykýar.

Ykbal Ýazgülüň zähmetsöýerligine, zehinine we täzelige höwesine artygy bilen baha berýär. Oňa türkmen kinematografynyň başlangyjynda durmak miýesser edýär. Ol Nikolaý Tihonowyň “Ýedi ýürek”, Aleksandr Makowskiniň “Umbar”, Ýewgeniý Iwanow-Barkowyň “Dursun” ýaly milli kinofilmler ýaňy peýda bolup başlan döwründe bu käre gelipdi.

Takmynan şu döwürde-de daşary ýurt we sowet filmlerine türkmen dilinde ses bermek zerurlygy ýüze çykýar. Munuň üçin Ýazgül Şamyradowadan mynasyp adam tapmak mümkinem däldi. Şeýdibem, onuň uzak ýyllara çeken kinematografçylyk ýoly başlanýar.

Ýazgül terjimeçiler topary bilen özi üçin täze ugra – filmlere ses bermek işine başbitin berilýär. Elbetde, ilkibaşda ýalňyşlyklaram bolýar, nogsanlyklar-da. Aýratynam, hroniki-dokumental filmleriň üstünde işlenende, has kyn düşýärdi: ol ýyllarda islendik ýalňyş başyňa ýetip biljekdi.

Ses bermekdäki kynçylyklary diňe bu ugurda işleýänler bilýändir. Ilki filmiň edebi terjimesini etmeli, soň teksti tertipleýji jümleleriň uzynlygynyň asyl dildäkä laýyk gelmegi üçin, ony işläp düzedýär. Mundan soň esasy rollara ses berjek aktýorlar saýlanyp, olaryň sesleri ýazylýar. Diňe şundan soň režissýor işe girişýär (fon sesi, dürli goşmaça sesler we ş.m.). Bu iş dirižýoryň işine kybapdaş. Terjime edilen filmlerde ses režissýorynyň käri şu çylşyrymly işi ýola salyp, onuň dürsligine gözegçilik etmekdir.

Wagtyň geçmegi bilen, türkmen režissýorlary hem öz düşüren filmlerine ses berrmegi we olary saz bilen bezemegi diňe Ýazgüle ynanýarlar.

Ýazgülüň ussatlygy daşary ýurt filminiň ol ýa beýleki gahrymanyna ses berjek türkmen aktýoryny gylyk-häsiýeti we sesi boýunça ökdelik bilen saýlap almagy başarmagyndady. Munuň üçin ol teatrlarda goýulýan oýunlaryň birini-de sypdyrman tomaşa edýärdi. Ýazgül türkmen aktýorlarynyň köpüsiniň ýüzüni görmezden, olary sesinden tanaýardy. Tomaşaçylar daşary ýurt filmleriniň gahrymanlarynyň diliniň türkmençe seýle çeperliginiň aňyrsynda neneňsi zähmetiň ýatandygyny gümanam edenokdylar. Muny diňe Ýazgül we onuň topary bilýärdi.

Filmlere ses berýän aktýorlara has agyr düşýärdi, çünki olar Ýazgülüň ýanyna, kinostudiýa agşamky oýun tamamlanandan soň gelýärdiler, şonuň üçin-de kähalatda daň atýança işlemeli bolýardylar.

Otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda Ýazgül filmlere ses bermek işine Alty Garlyýewi, Bazar Amanowy, Aman Gulmämmedowy, Sona Myradowany, Nurbibi Gutlyýewany, Täçbibi Gafurowany, Nurjemal Söýünowany, Ata Durdyýewi, Oguljeren Işangulyýewany, Ýelizaweta Garaýewany, Akja Jumadurdyýewany, Myrat Berdiýewi, Enejan Orazmyradowany we beýleki aktýorlary-da çekýär. Olaryň her biri bu gün biz üçin beýik sungatdan nyşan, giden bir eýýam, ol döwürde bolsa olaryň ählisi-de kärine berlen Ýazgül Şamyradowanyň ses bermek üçin çakylygyny uly hormat we sarpa bilen kabul edýärdiler.

Terjime edilen filmlere ses bermegiň ilkinji režissýory bolan bu zenan şol bir wagtda ilkinji türkmen zenan kinorežissýory-da bolupdy. Kino önümçiliginden baş çykarmak üçin, režissýorlaryň we aktýorlaryň işiniň özboluşlylyklaryny özleşdirmelidi. Juwan Ýazgül diýseň çylşyrymly bu meseleleri çözmekde ilkinjileriň biri bolupdy.

“Onuň döredijiligine we režissýor bolup ýetişmegine Mark Donskoýyň ýanynda işlemeginiň öçmejek täsiri bolandyr” diýip, Gapbar Hümmedow gürrüň berýär. Tanymal režissýor özüniň “Polat nädip taplandy” we “Älemgoşar” filmlerini uruş ýyllarynda Aşgabatda “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürdi. Birinji film surata düşürilende, Ýazgül Şamyradowa režissýor Mark Donskoýyň kömekçisi bolupdy.

Belli režissýor bilen işleşmegi Şamyradowa soňky işlerinde gerek boldy. Onuň gönüden-göni gatnaşmagynda meşhur filmleriň 40-dan gowragyna türkmen dilinde ses berildi.

Ýazgülüň janaýamazakly zähmetine we zehinine hökümet, şeýle hem kinematografiýa boýunça kärdeşleri tarapyndan ýokary baha berildi. Ol kinematografçylaryň Birleşigine agzalyga kabul edildi, “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly ada mynasyp boldy, “Zähmetde tapawutlanany üçin” diýen medal we Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň hormat hatlary bilen sylaglandy.

Üstünlikli döredijilik durmuşynyň ahyrynda Ýazgül Şamyradowa “Muňa durmuş diýerler” filminde işlemäge başlaýar, emma uzaga çeken agyr kesel zerarly oňa filmiň surata düşürilmegini tamamlamak başartmaýar.

Ýazgül Şamyradowa türkmen kinematografiýasynyň, filmlere ses bermek senetiniň gözbaşynda durupdy, birgiden şägirt ýetişdiripdi. Onuň tejribesi şu gün hem, ekranda görünmese-de, kino sungatynyň möhüm bölegi bolan ses berme kärine täze gadam basýan ýaş hünärmenlere döredijilikde goltgy berýär.

“AA” habarçysy