Ï Tylda zähmet çekenler: Aždar Kepbanow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tylda zähmet çekenler: Aždar Kepbanow

view-icon 3451

1931-nji ýylda demirýoluň Aşgabat – Duşak we Aşgabat – Bamy böleginde teplowozlar arkaly yzygiderli ýolagçy gatnatmak hem-de ýük daşamak başlananda, maşinist Aždar Kepbanow bu wakanyň öz ykbalyna nähili täsir etjekdigi barada gümanam etmändi.

Laýyk 10 ýyldan soň onuň deň-duşlarynyň köpüsini Watany goramak üçin, urşa çagyrdylar. Oňa-da harby wekillikden üç gezek çagyryş haty gelipdi. Onuň özi-de urşa gidermendi, ýakynlary we garyndaşlary bilen üç gezek hoşlaşypdy. Emma her gezek ol çagyryş nokadyna baranda, garaşylmadyk ýerden yzyna gaýtarylýardy. “Ýokarda” bir ýerlerde Kepbanowy şu ýerde, tylda alyp galmaly diýen karara gelinýärdi.

“Ilkinji teplowozlary bizde, Türkmenistanda synamak karar edilipdir, – diýip, Aždar aganyň häzir hormatly dynç alyşdaky ogly Şirli Kepbanow gürrüň berýär. – Bu ýerde parowozlar üçin kömürdir odunyň ýokdugy, ýöne ýangyjyň, – nebitiň artygy bilen bardygy göz öňünde tutulan bolmaly. Aslynda, uruş ýyllarynda biziň demir ýolumyz täze dartyjy-teplowozlary işe girizmek boýunça esasy ýola öwrüldi.

Şeýdip, teplowozlar ýigrimi ýaşly, juwan maşinistiň ykbalyna täsir etdi. Oba mekdebiniň ikinji synpyny tamamlandan soň, Aždar demirýol tehnikumynyň taýýarlyk bölümine girýär. Demirýolçy hünäriniň esaslaryny özleşdirmek bilen birlikde, kyn rus dilini-de öwrenmeli bolýardy. Diňe 1935-nji ýylda ol teplowoz hojalygynyň tehnik-mehanik hünärini öwrenýänleriň hataryna kabul edilýär.

Uruş ýyllary Aždar Kepbanow teplowoz dizelçisi we elektrigi bolup işleýär. Olam hemmeler ýaly, ýatman, dynç alman, gije-gündiz işleýär. Türkmenistanyň demirýolçulary front üçin, ýeňiş üçin müňlerçe tonna ýük daşaýardylar. Tylda işlemegiň ähmiýeti-de, kynçylygy-da frontdakydan pes däldi – bu ýerde hem ýeňşiň esasy goýulýardy.

Emma uruş ýyllary her näçe gazaply hem ýowuz bolsa-da, Aždar Kepbanow üçin 1948-nji ýyl iň agyr ýyl boldy. Aşgabadyň elhenç pajygasyndan 5 ýyl öň ony we 19 ýaş demirýolçyny Don boýundaky Rostow şäherinde ýerleşýän demirýol ulaglary institutyna okuwa ugradýarlar. Ýer titremesinde ogly Berdiniň ýogalandygy, uly gyzy Aýjemaly bolsa garyndaşlarynyň kömegi bilen ýeriň astyndan gazyp çykarandyklary barada habar gelende, okuwyň tamalanmagyna az galypdy.

Aždar aga aýaly Gülälek eje bilen 9 çagany ösdürip, kemala getirdi. Olaryň her birem söýgüli, aýrybaşga. Işiniň agyrlygyna garamazdan, ol çagalarynyň hemmesi üçin wagt tapýardy.

Aždar aga uzak ýyllap Demirýol müdirliginde jogapkärli dürli wezipelerde işledi. Ýöne özüniň aýtmagyna görä, onuň üçin iň gymmatly we netijeli döwür Aşgabatdaky demirýol tehnikumynyň direktory bolup işlän ýyllary bolupdy. Onuň ýolbaşçylyk eden 10 ýylynyň dowamynda okuw jaýlary giňeldildi, umumy ýaşaýyş jaýy guruldy. Şonda tehnikumda müňden gowrak talyp okaýardy. Eýse, şol döwürde, gör, näçe talyp uçurymlyga ýetişdi!

Döwletimiz Kepbanowyň zähmetine mynasyp baha berdi. Ol hökümet sylaglarynyň ençemesi bilen sylaglandy, ýöne onuň üçin ömürlik işi bolan demirýol hemişe esasy orunda bolmagyna galdy.

Onuň şägirtleriniň köpüsi soňlugy bilen atly demirýolçylar boldular. Garaşsyzlyk ýyllarynda olar ýurduň içinde-de, Eýran, Owganystan, Gazagystan ýaly goňşy döwletlere-de täzeden-täze polat ýollary çekdiler.

Bu gün, Beýik Watançylyk urşunyň ýeňşi baýram edilýän günlerde biz hemmeleri: urşa gatnaşan gahrymanlary-da, Aždar Kepbanow ýaly tylda jan aýaman zähmet çekenleri-de ýatlaýarys.

“AA”-yň habarçysy