Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 2018

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 22 million 340 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 17 million 390 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, şeýle hem float aýnasyny we el halylary satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 55 million 351 müň manatlykdan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi