Ï Paýtagtyň we welaýatlaryň sport mekdepleriniň okuwçylaryna futbol toplarydyr ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu haýyr-sahawat çäresini ösüp barýan ýaş nesliň arasynda futboly wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Sport we ýaşlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi haýyr-sahawat çäresini geçirdiler

view-icon 3124

Paýtagtyň we welaýatlaryň sport mekdepleriniň okuwçylaryna futbol toplarydyr ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu haýyr-sahawat çäresini ösüp barýan ýaş nesliň arasynda futboly wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilelikde guradylar.

– Futbolda esasy esbap – top. Ony gören çaga özi bilmezden, oýnap, öz başarnygyny görkezip başlaýar. Biz sportuň şu görnüşine ýaňy aýak basan futbolçylara goldaw bermegi maksada laýyk hasapladyk. Çünki geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny hut şolar goramaly ahbetin – diýip, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy Arslan Aýnazarow biziň bilen söhbetdeşlikde aýtdy we şeýle haýyr-sahawat işiň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Hususan-da, edaramyzyň ýolbaşçylary sport mekdepleriniň futbol toparlaryny zerur esbaplar – futbol derwezeleri üçin torlar, sport lybaslary we ş.m. bilen üpjün etmegi niýet edinýärler.

TFF-iň başlygynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda futbol oýnaýan çagalaryň sany görnetin artypdyr: her futbol meýdançasynda diýen ýaly zehinli çagalary görmek bolýar. Arslan Aýnazarow, şeýle hem, futbolyň abraýyny ýokarlandyrmak we ony ýurtda sportuň esasy görnüşleriniň birine öwürmek üçin mümkin bolan işleri amala aşyrjakdygyny ynamly aýtdy.

Futbol federasiýasynyň meýilnamalaryna ýurduň sport mekdepleriniň arasynda ýaryşlar geçirmek, Türkmenistanda geljekki çempionlary taýýarlajak Çagalar futbol akademiýasyny döretmek ýaly möhüm işler girizilipdir.

Aýjahan ATABALLYÝEWA