Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda onlaýn görnüşde geçiren iň gowy teatr eseri ugrundaky bäsleşigine gatnaşyjy Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynyň goýan “Watanym – seždegähim” atly sahna oýny görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ruhy gymmatlyklar, ýer ýüzündäki asudalyk ýaly möhüm düşünjeler barada söhbet açýan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby ─ “Watanym – seždegähim” atly sahna eseriniň edebi esasydyr. Kitapda jemgyýetiň ösüşinde ylmyň we bilimiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, watanperwerlik, zähmetsöýerlik we maksada okgunlylyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gylyk-häsiýetleri terbiýelmegiň ähmiýetine uly üns berilýär.
Oýun harby gulluga gitmekçi bolýan ýigit bilen onuň garry atasynyň özara söhbetinden başlanýar. Türkmenleriň şöhratly däpleri barada gürrüň bermek üçin Nazar aga kitaba ýüzlenýär.
Soňra wakalar tomaşaçyny uzak geçmişe alyp gidýär we batyr esger, duşmanlar bilen aldym-berdimli söweşlerde öz ene topragyny goraýan Arslan atly ýigidiň ykbaly bilen tanyşdyrýar. Oýnuň tutuş dowamynda hem parahat durmuşyň sahnasy hemem dartgynly söweşler üçin täsirli fon bolup hyzmat edýän özboluşly halk sazlary ýaňlanýar. Daşoguzly režissýor Bekmyrat Hallyýewiň işini aşgabatly tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar.
Oýna teatryň tejribeli artistleri gatnaşýarlar: Türkmenistanyň at gazanan artisti Meretdurdy Seýidow Nazar aganyň roluny ýerine ýetirýär, Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şirliýew ýolagçynyň keşbini janlandyrýar. Maral Arestanowanyň özboluşly ussatlygy-da tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar.
“AA”-nyň habarçysynyň gelejekki döredijilik meýilnamalary hakdaky sowalyna beren jogabynda, Öremyrat Öwezow özüniň “Ömür çyragym – Watan” pýesasyny sahnalaşdyrmaga taýýarlyk görýändigini aýtdy. Bu oýny teatryň işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlaýarlar. Sahna eseriniň esasynda bir türkmen maşgalasynyň birnäçe nesliniň wekilleriniň ýurduň iň täze taryhyndaky özara gatnaşyklarynyň beýanaty ýatyr.
Roman TEPLÝAKOW