Türkmenistan bilen RF-niň Altaý ülkesiniň arasyndaky haryt dolanyşygy artdy

eye
1202
Türkmenistan bilen RF-niň Altaý ülkesiniň arasyndaky haryt dolanyşygy artdy

Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň beýleki ýurtlara eksporty 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, birnäçe esse artdy – diýip, ülkäniň resmi saýty habar berýär. Meselem, şu ýylyň 1 – 17-nji ýanwary aralygynda Türkmenistana önümleriň eksporty haryt bahasyna görä deňeşdirilende 17 essä golaý artdy.

Altaý ülkesinden biziň ýurdumyza iberilýän harytlaryň düzüminde iň uly bölegi günebakar ýagy eýeleýär, ondan soňraky orunlarda degişlilikde: ýarma, däne we bugdaý uny durýar.

Öňräk Russiýanyň daşary işler ministrliginde 2020-nji ýylda rus-türkmen söwdasynda oňyn dinamikanyň dowam edendigini habar beripdiler: 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 39,6% artmak bilen (türkmen gazynyň bahasy göz öňünde tutulmazdan) 970,2 million dollara barabar bolupdyr. Eksportyň möçberi 19,6% (649,5 million dollara çenli), importyň möçberi bolsa – 11,6% (320,6 million dollara çenli) artypdyr.

“2020-nji ýylda Türkmenistana, esasan, metal we metal önümleri, azyk harytlary, oba hojalyk çig mallary, himiýa senagatynyň önümleri, enjamdyr abzallar we ulag serişdeleri satyldy” – diýip, müdirlikde bellediler.

Öz nobatynda Türkmneistan hem ýerli himiýa senagatynyň önümlerini, dokma senagatynyň önümlerini, aýakgaplary we mineral önümleri Russiýa eksport edýär.

TaýýarlanJanmämmet GULAMOW