Ï Türkmenistanyň we RF-niň Udmurtystan Respublikasy maldarçylygy we mallary bejeriş pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we RF-niň Udmurtystan Respublikasy maldarçylygy we mallary bejeriş pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 3300

Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsullygy Türkmenistanyň we RF-niň Udmurtystan Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideogörnüşli aragatnaşyk boýunça maslahat duşuşygyny gurady. Bu barada Baş konsullygyň saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň gidişinde taraplar tohum maldarçylygy, atçylyk, mal lukmançylygy, garma iým önümçiligi, guşçulyk, tejribe alyşmak ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň gelejegini we ş.m. ara alyp maslahatlaşdylar.

Udmurt tarapyndan wideomaslahata gatnaşan topara Udmurtystan Respublikasynyň Hökümet başlygy – oba hojalyk we azyk ministri Olga Abramowa ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem, duşuşyga Oba hojalyk we azyk ministrliginiň maýa goýumlar müdirliginiň başlygy, “Rýewroplant” PJ-niň ýerine ýetiriji direktory we “KOMOS GRUPP” JÇK-nyň eksport bölüminiň başlygy gatnaşdy.

Biziň ýurdumyza Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altyýew, Kazandaky Baş konsul Atadurdy Baýramow, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Agroekologik müdirligiň, Söwda-senagat palatasynyň we Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň bilermenleri wekilçilik etdiler.

Taraplar şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Moskwada gol çekişilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda oba hojalyk pudagynyda-da öz içine alýan sebitara hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy durmuşa geçirmäge başlamagyň kararyna geldiler.