Ï «Türkmen şöhle» şereketi gaplama serişdesiniň täze görnüşlerini bazara çykardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen şöhle» şereketi gaplama serişdesiniň täze görnüşlerini bazara çykardy

view-icon 3566

Plastmassa önümlerini öndürýän «Türkmen şöhle» hususy kärhanasy gaplama serişdeleriniň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirdi. Azyk önümleri üçin düýrlenen görnüşli dartma plýonkalara uly isleg bildirilýär. Ony ýerli polimerlerden – nebit-gaz senagatynyň kärhanalarynyň çykarýan pes dykyzlykly polietilenden öndürýärler. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýan ýokary hilli çig mal telekeçilere dünýä bazaryna çykarmaga laýyk eksport harytlaryny öndürmäge mümkinçilik berdi.

Sehde oturdylan awtomatlaşdyrylan desgada her gün uly mukdarda gaplama serişdesiniň müňlerçe kilogramy öndürilýär. Olardan hut şu ýerde-de mebeli, elektron, kompýuter, durmuş tehnikasyny, gurluşyk serişdelerini wagtlaýynça goramaga niýetlenen gorag plýonkalary ýasalýar. Desganyň çykarýan täze önümleriniň sanawynda gül çemenlerini bogmak, sowgatlyk harytlaryň daşyny gaplamak üçin ýüzi bezegli ýa-da suratlar çekilen örtükler-de bar.

Bir saparlyk ýeňil gabyň görnüşleriniň möçberi süýji-köke we doňdurma öndürýän şereketleriň buýurmalaryny ýerine ýetirmegiň hasabyna öňkülerden ep-esli artdy. Hyzmatdaşlaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen telekeçiler tort, doňdurma, köke, maýonez we beýleki önümler üçin gaplama serişdeleriniň çykarylyşyny iki esse artdyrdylar. Hususy telekeçiler önümlerini Owganystan Yslam Respublikasyna, Belorussiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana we beýleki ýurlara üstünlikli eksport edýärler.

«Türkmen şöhle» kärhanasy her aý ýerli çig malyň 300 tonnadan gowragyny gaýtadan işlemek bilen, 160-a golaý plastmassa önümleriniň dürli-dürli görnüşlerini alyjylara hödürleýär. Şereketiň katalogynda bir saparlyk gap-gajyň 10-a golaý görnüşi, çaga oýunjaklarynyň bolsa 20-den gowragy, hojalyk enjamlary, gaplama haltalary, içgileriň atlary ýazylýan ýarlyklar, reňkli bukja-paketler, ygal geçirmeýän ýuka we çeýe örtüklik materiallar we başga-da köp önümleriň sanawy görkezilýär.

Wladimir KOMAROW