Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 2928

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 6 million 224 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Ermenistan, Hindistan, Pakistan döwletleriniň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy 9 million 565 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 50 müň dollaryna barabar bolan portland sement satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi