Buharestde we Tbiliside Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan welosiped ýaryşlary geçdi

eye
2422
Buharestde we Tbiliside Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan welosiped ýaryşlary geçdi

Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasy Rumyniýanyň döwlete degişli bolmadyk «Green Revolution» guramasynyň ýardam bermeginde Bütindünýä welosiped gününe we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap welosiped ýaryşyny geçirdi. 

Bu çärä Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, ilçihananyň işgärleri, şeýle hem «Green Revolution» guramanyň agzalary gatnaşdylar. 

Çäre başlanmazynyň öňýany Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi sporty we bedenterbiýäni ösdürmegiň, şeýle hem ekologik medeniýetiň Türkmenistan döwletinde ileri tutulýan ugurlardygyny nygtady. 

Öz gezeginde, «Green Revolution» guramasynyň prezidenti hanym BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip bellemek hakynda Rezolýusiýany kabul edendigini belledi. 

***

Ýene-de bir welosipede degişli sport çäresi Tbilisi şäherinde boldy. Ony Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň ilçihanasy gurady.  

Welosiped ýaryşyna Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Ýaryşyň geçişi ýerli KHS-de beýan edildi. 

Çäre başlanmazynyň öňýanyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi dünýäde giňden bellenýän Bütindünýä welosiped gününiň sportuň parahatlyk ilçisi ýaly tanalmagy üçin bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýändigini aýtdy. 

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sportuň we bedenterbiýäniň ösüşine, sagdyn durmuş terziniň ykrar edilmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly terbiýelenmegine uly üns berýär. 

Weloýaryşa gatnaşanlar bu sport çäresiniň iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde ýene-de bir möhüm ädim bolandygyny bellediler.