Ï Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym

view-icon 2942
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym

«Türkmen teatr sungaty» bäsleşiginiň «Iň gowy erkek roly» diýen baýragyny alan Andreý Pawlow bilen onuň iş ýerinde – A.S.Puşkin adyndaky Türkmen döwlet rus teatrynda duşuşdyk.

Abraýly ýeňşi bilen gutlagymyzy kabul edip, Andreý şeýle diýdi:

– Aktýorlyk işime şeýle ýokary baha berilmegi meniň üçin, elbetde, örän ýakymly, ýöne muny tutuş teatryň, ozaly bilen-de, şygyrýete çuňňur düşünýän režissýor Olga Wolkowanyň ýeňşi hasaplaýaryn. Sahnada men Olga Wladimirownanyň şahyrana pikirini aňrybaş beýan etdim. Meniň üstünligime kärdeşim Aýna Jumaýewanyň, tutuş aktýorlar ansamblynyň ajaýyp sazlaşygynyň we biziň täze çeper ýolbaşçymyz Söhbet Serbazowyň uly goldaw berenligi gürrüňsizdir.

Aslynda, akyldar şahyr Magtymguly – äpet bir dag. Meniň wezipäm bolsa ykbalyna düşen agyry-azaplary başdan geçirýän bu güýçli şahsyýetiň häsiýetiniň, erkiniň çuňlugyny görkezmekden ybaratdy.

Men bu ugurda bäsdeşlerimi ýeňip bilerin öýdemokdym. Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasyndan ýeňijileriň atlaryny yglan edilende alyp baryjy Magtymgulynyň goşgusyny okap ugrandan, tutuş zal maňa tarap öwrülip, çapak çarpyp başlady. Ana, şonda ýüregim jigläp gitdi, sahna çykanymda bolsa, ol deprek ýaly gürsüldäp urup başlady.

– Aktýor islendik ýagdaýda-da tolgunmasyna erk edip bilýärmikä diýýärdim...

– Bu – biraz başga zat. Sahnada göz öňüne getirilýän dördünji diwar – aktýor bilen tomaşaçylaryň arasynda hyýaly serhet bar, ol sahnadaky hereketiňe ünsüňi jemlemäge kömek berýär. Bu ýerde bolsa şol diwar ýok, sen tomaşaça diňe ýat tutan tekstiň bilen ýüzleneňok. Üstüňe edil sil ýaly şaglap dökülýän duýgy tolkunlary pikiriňi jemlemäge, öz duýgularyňy beýan etmäge päsgel berýär.

Festiwalyň ýapylyş dabarasynyň öňýanynda Baş drama teatrynda geçen umumy ýygnakda bäsleşige hödürlenen spektakllaryň derňewinde biziň işimiz aýratyn bellenip geçildi. Öz teatrymyzyň abraýyny mynasyp gorandygymyzy duýmak ýakymlydy. Meniň ýeňşim bolsa bagtyň garaşylmadyk sowgady boldy.

Tamara GLAZUNOWA