Ï Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi

view-icon 4283
Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi
Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi
Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi
Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi

Bu gün ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Häzir Bütindünýä welosiped güni sagdyn durmuş ýörelgesine we amatly ulag serişdesine gönükdirilen hereketiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Welosiped ─ bu hereketiň simwolydyr.

Türkmenistan şeýle uly ähmiýetli başlangyjy başlaýjy hökmünde ony edil milli derejejde bolşy ýaly halkara möçberinde-de amala aşyrmagyň lideri bolmaga çalyşýar. Bu gün ýurduň ähli künjeklerindäki sport toplumlarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde we seýilgählerinde her hili sport ýaryşlary we medeni çäreler geçirilýär. Ýeke bir şu güne däl, eýsem, beýleki şanly senelere bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýaryşlaryna döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi ýolbaşçylyk edýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary öz bolýan ýerlerinde yzygiderli welosiped ýaryşlaryny guraýarlar.

Türkmenistanda welosipedçilik hereketini öňe sürmäge gönükdirilýan çäreler giň gerimliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Meselem, 2019-njy ýylyň 1-nji iunynyda 2019 sany welosipedçi biri-birinden deň aradaşlykda bir hatara düzülip Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň daşyndan aýlandylar we 3300 metr aralygy geçdiler. Ol bu ugurda iň uzak dowam eden welosiped ýörişi diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Geçen ýyl türkmen paýtagtynda «Welosiped» monumenti açyldy, onuň çeperçilik kompozisiýasy milli äheňleri we türkmen halkynyň umumyadamzat hem-de halkara sport hereketiniň tarapdarydygynyň alamatlaryny özünde jemleýär.

Şu ýyl paýtagtyň häkimiliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň teklipleriniň esasynda Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 10-njy maýdan 25-nji maý aralygynda atoulaglaryň hereketini çäklendirmek boýunça ekologiki çäre geçirildi. Şeýle-de, bu çäre adamlaryň ýaşaýan sredasynyň arassalygyny gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge we tigir sürmäge höwes edýänleriň sanyny artdyrmaga gönükdirildi.

Şu ýylyň maý aýynda Wene şäherinde ulag, saglyk we daşky gurşaw boýunça geçen ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylar ekologiýa taýdan arassa, howpsuz, hemmelere elýeterli, şeýle-de adamlaryň saglygyna peýdaly ulaga geçmegi çaltaşdyrmaga çagyrýan bilelikdäki jarnamany kabul etdiler. 56 ýurduň wekilleri welosiped sürmegi giňden ýaýratmaga gönükdirilen Panýewropa meýilnamasyna gol çekdiler. Oňa laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky welosipedçileriň we tigirde gatnamagyň sany iki esse artar.

Wena jarnamasy daşky gurşawyň we adamyň saglygynyň arabaglanyşygyny görkezýär hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga, howanyň hapalanmagynyň derejesini peseltmäge kömek eder.

 Оgulgözel REJEPOWA

 Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW