Ï Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi

view-icon 7869

Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu foruma, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Milli Geňeşiň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär. Gurama häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiligini has utgaşykly işlemäge bolan maksatlary özünde jemleýär. Bu sene her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine saklamaga tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda bellenilmegi halkara bileleşigiň tagallalaryny tebigaty goramak, Merkezi Aziýa sebitinde hem-de tutuş dünýäde ekologiýa maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça wajyp wezipeleriň çözgüdine gönükdirmegi esasy ugur edinýän daşary syýasatymyzyň çäklerinde has-da möhümdir.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, tebigata söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Daşky gurşawy gorap saklamak ulgamynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu gün has-da kämilleşdirilýär.

“Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.

Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak we artdyrmak, ata Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan köptaraply işler hemmetaraplaýyn beýan edildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ykdysadyýetiň ösüş depginlerini üpjün etmek, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ähli giň gerimli özgertmeler adamlaryň abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa bilen berk baglydyr.

Biziň ýurdumyz bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklara işjeň goşulmak bilen, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan häzire çenli daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa konwensiýalarynyň we halkara ylalaşyklarynyň 20-den gowragyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri maslahatlarda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe boldy. Olar häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmegiň bähbidine umumy tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär.

Biziň ýurdumyz şol başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýär. BMG-niň agza döwletleriniň kabul eden Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hususan-da, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny berkitmek babatda çäreleriň yzygiderli görülmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan rejelenen görnüşde tassyklanan Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnamada hem-de Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutuldy.

Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde, häzire çenli Türkmenistanda agaç nahallarynyň 115 million düýpden gowragy ekildi. El bilen döredilen tokaý zolaklary bu gün Köpetdagyň eteklerini, paýtagtymyzy, welaýat we etrap merkezlerini, beýleki şäherlerdir obalary bezeýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy dabaraly bellenilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda pürli, saýaly we miweli nahallaryň 25 million düýbi oturdyldy. Şu ýyl bolsa Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda agaç nahallarynyň ýene-de 30 million düýbi oturdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Garagum sährasynda döredilen “Altyn asyr” Türkmen köli ýaly giň gerimli ykdysady taslamanyň amala aşyrylmagy diňe biziň ýurdumyz däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň bilen birlikde, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär. “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy şonuň mysalydyr.

Häzirki zaman “ýaşyl” tehnologiýalar Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň möhüm şertine öwrüldi. Ol sebitiň mineral-çig mal, biologiýa, şypahana hem-de syýahatçylyk kuwwatyny peýdalanmaga toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasydyr.

2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda yzygiderli welosipedli ýörişleri guramagyň ajaýyp däbi ýola goýuldy. Ol welosiped sportuny ösdürmekde, ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň hasabyna daşky gurşawy goramakda möhümdir.

Türkmenistanyň suw diplomatiýasy maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň “Suw strategiýasyny” işläp taýýarlamak hakynda başlangyjyny ilerletmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ylmyň gazananlaryny, döwrebap, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna suwuň oýlanyşykly ulanylmagyna aýratyn ähmiýetiň berilýändigi bellenildi. Bu, öz nobatynda, ekologiýa abadançylygyny aýawly saklamak bilen berk baglydyr. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksadalaýyk pugtalandyrylýar, ähli sebitlerde täze suw howdanlary, beýleki gidrotehniki desgalar ulanmaga berilýär.

Türkmenistan 2019-njy ýyldan bäri Bütindünýä suw geňeşiniň (WWC) agzasy bolup durýar. Bu geňeş dünýäde suw meselelerini çözmek üçin hünärmenleri hem-de halkara hökümet we hökümet däl guramalary birleşdirýär.

Bu ugurda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we beýlekiler bilen bilelikde uly işler geçirilýär.

Maslahatda Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça bu çärä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Bilelikdäki tebigaty goraýyş maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň, hususan-da, çölleşmä we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, bioköpdürlüligi gorap saklamak babatdaky gatnaşyklar barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň netijeliligi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak ulgamynda möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň ähmiýeti”, Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda bolsa “Aralýaka sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri” atly mowzuklaýyn maslahatlar hem geçirildi. “Türkmenistanyň suw-batgalyk ýerleriniň ekologiýa babatda ähmiýeti”, “Türkmenistanyň çöl ekoulgamlaryny gorap saklamakda we ylmy taýdan öwrenmekde “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň ähmiýeti”, “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara ekologiýa bilimini we terbiýäni bermegiň usuly aýratynlyklary”, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýurdumyzyň biodürlüligini baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti” hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda “Aralýaka sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri” atly maslahat geçirildi. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň alyp barýan işleri, sebitiň döwletlerinde howanyň üýtgeýän şertlerinde Aral deňziniň sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmagy gowulandyrmak üçin geçirilýän işler, suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy” boýunça çykyşlary guraldy. Şeýle çykyşlar hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde hem geçirildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öň ýanynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň hünärmenleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary Bötendag belentligine iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde Aralyň täsir edýän zolagynda tokaýlyklary döretmek boýunça işleriň barşy bilen tanyşdylar. Paýtagtymyzyň Botanika bagynda guralan söhbetdeşlik hem şanly senä bagyşlanyldy.

Şu günki maslahata gatnaşyjylar we daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak, mähriban Watanymyzyň daşky gurşawyny goramak babatda wezipeleri netijeli çözmek üçin öz bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Oba hojalyk toplumynyň binasynyň eýwanynda ýurdumyzyň tebigaty goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerini giňişleýin şöhlelendirýän sergi guraldy. Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hem-de Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen ekologiýa taslamalarynyň başyny başlaýjy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary esasy orny eýeledi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi