Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

eye
645
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň, Maltanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, gazagystanly, gyrgyzystanly telekeçiler daşary ýurt puluna gazbeton böleklerini we boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriňjemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 807 müňdollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 10 million 250 müňmanatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi