Ï Muzeý sergä çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Muzeý sergä çagyrýar

view-icon 4642
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar
Muzeý sergä çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy.

«Ylym – adamzadyň baýlygydyr» atly serginiň merkezi böleginde muzeýiň hat çeşmeleri arhiwinden tematiki fotosuratlar goýlupdyr. Onda ýurdumyzyň ylmyna saldamly goşant goşan ajaýyp alymlaryň portretleri bar. Bu ýerde XX asyrda arheologiýa, paleontologiýa, etnografiýa, geologiýa, biologiýa ylymlarynda ylmy ekspedisiýalar we barlaglar barada gürrüň berýän özboluşly dokumental suratlar ýerleşdirilipdir.

Sergidäki Türkmenistanyň çäginde arheologik agtaryşlarda tapylan keramika önümleri, ülňüde ýasalan keramika önümleriniň we gadymy binalaryň bölekleri türkmen halkynyň binagärlik ýörelgeleri, medeniýeti we durmuşy barada gürrüň berýär.

Şeýle hem bu ýerde türkmen nakgaşlarynyň we fotosuratçylarynyň zehininden dörän Türkmenistanyň tebigatynyň gözel ýerleriniň şekilleri ünsüňi özüne çekýär. Şekillendiriş sungaty ussatlarynyň suratlarynda Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy, gözelligi, köpdürlüligi hem-de özboluşlylygy barada ýordumlar öz beýanyny tapypdyr. Ýurduň tebigaty hakda gürrüňi Türkmenistanyň Gyzyl kitaby, türkmen alymlaryynyň ösümlikler we haýwanat dünýäsine bagyşlanan işleri ýaly tematiki neşirler dowam edýär.

Döwlet muzeýi baýramçylyk sergisine çagyrýar, ol indiki hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.

Anastasiýa KASÝANOWA,

surata düşüren: Ýu. ŞKURIN