Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: ykdysadyýetiň özgertmesi, diwersifikasiýasy we sanlaşdyrylmasy

eye
1116
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: ykdysadyýetiň özgertmesi, diwersifikasiýasy we sanlaşdyrylmasy

Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ugruna laýyklykda depginli ösýän özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy. Bu gün Türkmenistan MWF we WB görkezijileri boýunça sebitdäki goňşularynyň aglabasyndan öňe geçip, ilatyň jan başyna düşýän içerki önümiň jemi (IÖJ) möçberi – ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň ilkinji ýüzlügine girýär. Ykdysadyýetiň garaşsyzlygyň başyndan bäri üstünlikli goldanýan durnukly ösüşi netijesinde 2012-nji ýylda Bütindünýä banky Türkmenistana girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurt statusyny (Upper Middle Income Country Status ) berdi.

Garaşsyzlygyň ilkinji ädimlerinden toplanan serişdäniň ýokary derejesi saýasynda Türkmenistan resurs ykdysadyýetinden senagat-resurs, dürlüleşdirilen ykdysadyýete geçmek üçin, çig mala baglylygyny gowşatmak maksady bilen, maýa goýma syýasatyny işjeň alyp bardy. Netijede diňe daşary ýurt öndürijileriniň tehnikasy we tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan aýry-aýry has döwrebap kärhanalar däl, eýsem giden pudaklar emele geldi. Ýerli çig malda işleýän dokma senagaty, aslynda täzeden döredildi. Aşgabatdaky “Türkmenbaşy dokma toplumy” Merkezi Aziýa sebitinde iň uly dokma toplumydyr. Bu toplum 2000-nji ýylda ulanylyşa berildi. Onuň şol wagtky bahasy 116 mln ABŞ dollaryna barabardy.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda ýurt metallurgiýa, dag-magdan, nebit we gaz-himiýa, gämi gurluşygy, elektron senagaty ýaly milli ykdysadyýet üçin täze pudaklary döretmek ugrunda ilkinji ädimlerini ätdi. 2009-njy ýylda Owadandepede gurluşyk prokatyny öndürmäge ugrukdyrylan ýurduň ilkinji metal zawody işläp başlady, 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistan Garlyk dag-magdan kombinatyny – kaliý dökünleini öndürýän ilkinji zawody işe girizdi.

Nebitdir gazy gaýtadan işlemek üçin, iri taslamalar amala aşyryldy, olaryň arasyndan 2019-njy ýylyň tomsunda işe girizilen köp babatda taýsyz, senagat möçberinde tebigy gazy suwuk ýangyja öwürýän dünýäde ilkinji GTL-zawodyny aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýaş pudaklarynyň biri-de elektron senagatydyr. Ýurdumyzda öndürilýän kompýuterler, smart telewizorlar, smartfonlar, monobloklar, routerler, split-kondisionerler, LED-lampalaryň dürli görnüşleri onuň önümidir. Geljegiň meýilnamalarynda elektron önümiň diňe içerki däl, eýse daşarky bazara-da niýetlenip ilhalar liniýasyny giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen telekeçileri ýurduň gurluşyk, söwda, APK, hyzmat sferasynda we ş. m. bazarynda agdyklyk edip başladylar. Bu gün ýurtda köp sanly hususy maldarçylyk toplumlar, dokma önümlerini, hojalyk we kompýuter tehnikasyny, gurluşyk serişdelerini, polimer önümlerini öndürýän kärhanalar işleýärler. Döwrüň talabyna laýyklykda ýerli telekeçiler ulanylan plastiki, kagyzy, polietileni, rezini, agajy gaýtadan işleýän we olardan dürli önüm öndürýän kiçi önümçiligi döredýärler.

2021-nji ýylda telekeçiligi mundan beýläk-de goldamak we höweslendirmek, döwlet emlägi bolan desgalaryň we kärhanalaryň hususylaşdyrylmasy, paýdarlar jemgyýetini döretmek, ýurduň ykdysadyýetinde hususy sektoryň paýyny artdyrmak, gymmatbahaly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça düýpli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň wezipelerini kesgitlemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda täzeden gurmagymyzy dowam etdirýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy eýeçiligiň we hususy telekeçiligiň roluny ösdürmek, olaryň öňündäki päsgelçilikleri we çäklendirmeleri aradan aýyrmak, şeýtmek bilen-de, döwletiň ykdysadyýetdäki ornuny pese düşürmek ýoluna düşdük. 

Ýurtda telekeçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin täze-täze mümkinçilikler döredilýär, biznesiň kanuny we maliýe goldawy, salgyt ulgamy kämilleşdirilýär, iş adamlaryny hasaba almak we olara lisenziýa bermek we ş.m. işi ýeňilleşdirilýär. Soňky ýyllarda dörän döwlet-hususy hyzmatdaşlyk garaşsyzlyk eýýamynyň ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze bir hadysadyr.

Ogulgözel Rejepowa