Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri tennisi ösdürmek boýunça onlaýn derse gatnaşdylar

eye
1441
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri tennisi ösdürmek boýunça onlaýn derse gatnaşdylar

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň tälimçisi Andreý Dowmatow Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) milli hünärmenler guran üçin onlaýn -okuwyna gatnaşdy.

Günbatar we Merkezi Aziýada tennisi ösdürmek boýunça bilermen Amir Borgeýiň geçiren dört günlük onlaýn okuwyna Siriýanyň, Bahreýniň, Omanyň, Kataryň we Yragyň wekilleri-de gatnaşdylar.

Ol uly tennisiň dünýäde ösdürilmegine we ýaýradylmagyna, türgenler bilen geçirilýän türgenleşikleri kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, türgenleri taýýarlamakda tälimçiniň orny diýen tema onlaýn-okuwyň esasy özeni boldy. Tälimçi-halypa şol bir wagtyň özünde ajaýyp guramaçy, psiholog, dolandyryş pudagyndan baş çykarýan,  hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet bolmalydyr.

– Biz okuwda köp peýdaly maglumat aldyk. Olary Türkmenistanda tennisi ösdürmegiň bähbidine durmuşa geçireris – diýip, Andreý Dowmatow gürrüň berýär.

Onlaýn-okuw tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlar synag tabşrdylar. Synaglaryhň netijelerine görä olara degişli şahadatnama berler.