Ï Türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda kümüş medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda kümüş medal gazandylar

view-icon 2716
Türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda kümüş medal gazandylar

Türkmen tennisçileri Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşy 14-e çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda — «Open Dushenbe Championship U14» ýaryşyň üç görnüşinde kümüş medal gazandylar.

Ýaryşa Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisinden, şeýle hem Belarusdan, Russiýadan we Kanadadan oglan-gyzlaryň 88-si gatnaşdy. Özi-de soňky üç ýurda bir tennisçi wekilçilik etdi.

Ikinji belgide saýlanan 13 ýaşly Emirhan Rustamow toparymyza iki kümüş medal getirdi. Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy ilki ýekelikde, soňra Aşgabat şäherindäki 86-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy 12 ýaşly Süleýman Hudaýberdiýew bilen bilelikde çykyş edip şeýle üstünlik gazandy.

Birinji aýlawda Emirhan Muhammetýusuf Mukimjonzodany (Täjigistan) 6:1, 6:2, ikinjide Sanjar Juassowy (Gazagystan) 6:1, 6:1 hasabynda utdy. Çärýek finalda ildeşimiz Alşinhan Muhamekaliden (Gazagystan) 6:2, 6:1, ýeňil bolmadyk üç setlik ýarym finalda Bekarys Kuandykdan (Gazagystan) 1:6, 7:6(5), 6:4 hasabynda üstün çykdy. E.Rustamow Amir Askardan (Gazagystan) 3:6, 3:6 hasabynda utulyp, ikinji orna düşdi.

Emirhan Rustamow Süleýman Hudaýberdiýew bilen bilelikde çärýek final oýnunda çykyş edip, halkara jübütler Ylýas Mämmetgulyýew (Türkmenistan) we Aldiýar Narimandan (Gazagystan) 6:1, 6:4 hasabynda üstün çykdy. Ýarym finalda Emirhan bilen Süleýman üçünji setde super taý-breýkde Sanjar Juassowdan we Bekarys Kuandykdan 1:6, 6:3, 10:8 hasabynda rüstem geldiler, emma finalda welin Amir Askar bilen Arken Syzdykowdan (Gazagystan) 2:6, 2:6 hasabynda utulyp, kümüş baýrak eýelediler.

Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy 11 ýaşly Näzli Hudaýgulyýewa Gazagystandan Kseniýa Semýonowa bilen bilelikde çykyş edip, Türkmenistanyň toparyna ýene bir kümüş medal getirdi. Bije bilen çärýek final oýny bolan birinji duşuşykda N.Hudaýgulyýewa bilen K.Semýonowa halkara jübütler Aýnur Agamyradowadyr Darýa Kožuhowany (Gazagystan) 6:1, 6:2, ýarym finalda Gazagystandan uýalar Wlada we Ýuna Degtýarlary 6:3, 6:0 hasabynda utsalaram, finalda Wlada Kuzmenko bilen Sofiýa Pakdan (Gazagystan) 1:6, 3:6 hasabynda utulyp, hormat münberiniň ikinji gatyna çykdylar.

Ýaşajyk tennisçilerimiziň bu üstünligine olaryň ata-eneleri bilen birlikde tälimçileri hem guwanýarlar. Näzli Hudaýgulyýewa Mälik Mämmetgulyýewden, Süleýman Hudaýberdiýew Aşgabadyň 11-nji toplumlaýyn sport mekdebinde Gurbanberdi Gurbanberdiýewden, Emirhan Rustamow bolsa «Aşgabat» tennis akademiýasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowdan tälim alýarlar.

Golaýda gysga wagtlyk sapar bilen Türkmenistana gelen Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) wekili Ýuriý Polskiý milli Tennis federasiýasynyň işine ýokary baha berdi. Onuň aýtmagyna görä, ýaşy 12-ä çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa birinjiliginde Türkmenistanyň oglanjyklar topary gowy netije görkezdi. Toparymyz geçen ýaryşda ilkinji gezek Özbegistanyň ýygyndysyny utdy, şeýle hem Astanada geçirilen ýaryşda ilkinji gezek finala çykdy. 14 ýaşly Ilima Guseýnowa 2023-nji ýylda uly üstünlikler gazandy, ol öz ýaş toparynda Aziýanyň güýçli tennisçileriniň dörtlügine girýär.

Bu gezegem türkmenistanly ýaşajyk tennisçiler Täjigistanda geçirilen halkara ýaryşda ýene bir üstünlik gazandylar.