Ï Tebigaty goramak umumy wezipämizdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigaty goramak umumy wezipämizdir

view-icon 23771

17-nji iýun çölleşmä we gurakçylyga garşy Bütindünýä göreş günüdir. Laýyk 25 ýyl mundan öň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda Araly halas ediş halkara gaznanyň Durnukly ösüş boýunça halkara komissiýanyň Ylmy-maglumat merkeziniň sebit boýunça direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Muhammet Hudaýberdiýewiç Durikow “AA”-nyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

–Türkmenistan 1996-njy ýylda ilkinjileriň biri bolup BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyny tassyklady. Edil bir ýyldan soň ýurdumyzda amala aşyrylmaly işleriň Milli maksatnamasy kabul edildi. Ol öri meýdanlarynyň oýlanyşykly ulanylmagynyň esasy jähetlerini, tokaý hojalygyny ösdürmegi, ürgün çägäni berkitmegi we tokaýlaşdyrmany, suwarymly ýerleriň ýagdaýyny gowulaşdyrmagy, amaly ekologik derňewleri geçirmegi göz öňünde tutýardy. Geçen ýyllaryň dowamynda milli kanunçylyk şu babatda zerur bolan hukuk namalary bilen berkidildi. Şeýle-de bolsa, bu gün çölleşmä garşy göreş Maksatnamasyny täzelemek zerurlygy ýüze çykdy. Şonuň üçin-de häzirki döwürde milli bilermenler, şol sanda sebit merkeziniň işgärleri-de täze Maksatnamany taýýarlamagyň üstünde işleýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Türkmenbaşy şäheriniň Awaza dynç alyş zolagynda Araly halas ediş Halkara gaznasyny döreden ýurtlaryň Sammitiniň bolup geçendigini alymyň sözlerine goşmak gerek. Şonda Sammitiň esasy resminamalarynyň biri hökmünde Merkezi Aziýa sebitinde Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Sebit maksatnamasy işlenip düzüldi. Bellenen maksatnamany durmuşa geçirmek üçin, ýörite iş topary döredildi.

Soňky döwürde Türkmenistanda çölleşmä garşy göreş we tokaý Maksatnamasynyň çäklerinde 100 müň gektardan gowrak ýere bag ekildi. Balygyň 20-den gowrak dürli görnüşi bellige alnan “Altyn asyr “ Türkmen kölüniň gurluşygy-da tebigaty goramak maksatlaryna ýardam edýär. Kölüň daşyny dürli ösümlikler gurşap alýar. Bu bolsa öz gezeginde haýwanlaryň we guşlaryň dürli görnüşleriniň amatly şertlerde köpelmegine ýardam edýär.

Alymlaryň çöldäki öri ýerleriniň suw üpjünçiligini dikeltmek, gowulaşdyrmak, şeýle hem ýabany haýwanlary köpeltmek üçin amatly şertleri döretmek ugrundaky tagallalary-da çölleşmä garşy alnyp barylýan işleriň bir bölegidir.

Ürgün çägäni berkitmek boýunça degişli çäreleriň önümçilikde işleýänler we gurluşykçylar bilen bilelikde amala aşyrylýar.

– Çölleşmä garşy göreş barada aýdylanda, – diýip, Durikow dowam etdirýär – tozan we çäge sowurýan harasatlara garşy durmak meseleleri barada agzaman geçmek bolmaz. Ýaňy-ýakynda Germaniýada BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasynyň sekretariaty tarapyndan tozan we çäge sowurýan tupanlara garşy göreş strategiýasy kabul edildi. Munuň esasynda häzir bizde bu ugurda hereket etmegiň Milli maksatnamasy işlenip düzülýär.

Tebigaty gorap saklamak we gözelleşdirmek üçin çölleşmä ýakyn bolan ýerleriň sürlüşine, ýeterlik ösümligi bolan meýdanlarda mallaryň bakylyşyna dykgatly çemeleşilmelidir, topragyň hilini gowulandyrmak üçin, otdur daragt ekmeli. Öri meýdanlarynyň ulanylmagyna oýlanyşykly çemeleşilmelidir. Bu babatda Türkmenistanyň “Öri meýdanlary hakynda” Kanuny kabul edildi. Häzir biziň hukukçylarymyz we alymlarymyz öri meýdanlaryny uzak möhletleýin kärendesine bermegi göz öňünde tutýan hukuk namalaryny taýýarlaýarlar.

Hytaý filosofy Dao De Szin: “Asman we Ýer özleri üçin ýaşamaýandyklary sebäpli, uzak ömürlidirler” diýipdir. Bize, ýagny bu günki nesle Garagumuň tebigatyň ajaýyp sowgadydygyny unutmazlyk gerek, şonuň üçin-de oňa aňrybaş aýawly çemeleşmelidir.

“AA”-nyň habarçysy