Ï Bütindünýä donorçylyk güni we Türkmenistanda donorçylygyň möhüm ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä donorçylyk güni we Türkmenistanda donorçylygyň möhüm ugurlary

view-icon 3387

Her ýyl 14-nji iýunda dünýäniň dürli ýurtlarynda Bütindünýä donorçylyk güni (World Blood Donor Day) bellenilýär. Ol 2005-nji ýylyň maý aýynda Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýasynyň 58-nji mejlisinde döredildi. 14-nji iýunyň saýlanylmagy tötänlik däldir. 1868-nji ýylyň 14-nji iýunynda adam ganynyň toparlaryny açandygy üçin 1930-njy ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan awstriýaly lukman Karl Landşteýner doguldy.

Häzirki wagtda donorçylyk zelelsiz we zyýansyzdyr. Aslynda sagdyn adam üçin ol peýdalydyr.

Beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Bütindünýä donorçylyk güni bellenilýär. Ol şu ýyl «Gan tabşyryň, goý, dünýäde ömür dowam etsin!» şygary astynda geçdi.

Bu sene jemgyýetçiligiň ünsüni adamzadyň gan howpsuzlygy we gan önümi meselesine çekmäge hem-de gan tabşyryp, adamlaryň janyny halas edýän donorçylara minnetdarlyk bildirmäge sebäp bolýar.

Türkmenistanyň takyk guralan saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp bölümleriniň biri-de Türkmenistanyň Gan merkezidir. Ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezi müdirligine degişli.

Merkez dürli topardaky donorçylaryň hasabyny ýöredýär, olary barlagdan geçirýär. Lukmançylyk edaralaryny gan we onuň düzümleri bilen üpjün edýän merkezde gan gorlary bar. Merkezde gan goýberilen näsagyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmak mümkinçiligi öwrenilýär we onuň öňüni almak üçin çäreler işlenilip taýýarlanylýar. Şeýle hem bu ýerde lukmanlar üçin okuwlar geçirilýär.

Adam janyny halas etmek – kyn iş, ýöne gan gory bolmazdan ol çözülmejek meseledir. Donorlar başgalaryň ömri üçin alada edýän, öz göreldesi bilen jemgyýetçilik aňyny ösdürmäge taýýar adamlardyr.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow