Ï “Türkmenpoçta” şereketi: uçar peteklerini paýtagt bölümlerinden almak bolýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenpoçta” şereketi: uçar peteklerini paýtagt bölümlerinden almak bolýar

view-icon 5482

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy şereketi Aşgabadyň ilaty üçin hyzmatlaryň gerimini giňeldýär. Paýtagtymyzyň poçta bölümlerinde indi diňe demirýol ulagy üçin däl, eýsem ýerli howa ýollaryna-da petek almak bolýar. Uçar petekleri her gün 8.00-dan 20.00-a çenli işleýän 1, 15, 17, 20 we 35-nji poçta bölümlerinde ähli ugurlar boýunça satylýar.

Bu hyzmatyň welaýat poçta bölümlerinde-de ulanylyşa girizilmgi boýunça işler alnyp barylýar.

Aragatnaşykçylar möhüm resminamalary gyssagly gowşurmak we raýatlara ýokary hilli hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetirmekde poçta ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýärler. Hususan-da, indi ýurt içinde pul geçirimini ähli aragatnaşyk bölümlerinde amala aşyrmak bolýar.

Bütindünýä elektron aragatnaşygynyň barha artýan zerurlygyny we artykmaçlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, “Türkmenpoçta” elektron hyzmatlaryň täze görnüşlerini ulanylyşa girizýär. Baş poçta hyzmaty özboluşly wirtual witrina, ýagny öz hususy internet-portalyny döredipdir.

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşygy şereketi özüniň www.turkmenpost.gov.tm täzelenen saýty arkaly ýurduň çäginde müşderilere gowşurylmaly ýollamalaryň geçen ýoluny yzarlamagy ýola goýdy. Indi iberen ýollamaňyzyň nirededigini bilmek üçin, onuň poçta kesgitleýjisini belgili meýdana girizip, “syçanyň” nurbatyny basmak ýeterlikdir. Şonda siz ýollamanyň nireden haçan geçenini we häzir nirededigini derhal görersiňiz.

Resmi internet sahypanyň kömegi bilen poçta boýunça iberilmeli zatlary aragatnaşyk bölümine eltmek üçin, internet arkaly çapary öýe çagyrmak bolýar. Şunlukda, ilat iň gysga wagtyň içinde hatdyr ýollamalary ýurduň islendik nokadyna, şeýle hem dünýäniň 190 ýurduna ibermek mümkinçiligine eýe boldy. Mundan başga-da poçta aragatnaşygynyň döwlet kompaniýasy öz saýty arkaly harytlaryň elektron usulda satyn alynmasyny we olaryň nagt däl töleg bilen alyja gowşurylmagyny üpjün edýär.

Şereket Türkmenistanyň polisiýasynyň Ýol gözegçilik gullugynyň ýazan jerime hatlaryny (kararlaryny) öýlere ýetirmek işini-de ýola goýupdyr. Raýatlara olary “Türkmenpoçtanyň” bölümlerinde tölemek mümkinçiligi berlipdir. Şereketiň täzelenen saýtynda şahsy kabinet açyk, onda bellige alnyp, jerimeler barada maglumat almak we bank kartlary arkaly olary tölemek bolýar. Munuň üçin teklip edilýän formaty doldurmak ýeterlikdir. Onda kararyň san belgisi, awtoulagyň belgisi, eýesiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, telefon nomeri we tölemeli pul mukdary görkezilýär. Tölegiň amala aşyrylandygy baradaky habar SMS görnüşinde telefona gelýär.

Poçta gullugy bilen awtoinspeksiýanyň hyzmatdaşlygynyň indiki basgançagynda islendik poçta bölüminde diňe bir jerimäni däl, eýsem awtomobiliň resmileşdirilmegi, sürüjiler üçin synaglar, tehniki gözden geçiriş we ş.m. üçin beýleki tölegleri-de amala aşyrmak bolar.

Şereketiň hyzmatlar sanawyna durmuş hyzmatlary, mobil aragatnaşyk, Bütindünýä poçta birligine girýän islendik ýurda tizleşdirilen poçta ibermeleri üçin tölegleri kabul etmegiň-de girýändigini ýatladalyň. Mundan başga-da, “Türkmenpoçtanyň” saýtynda nagt däl tölegi amala aşyrmak we harytlaryň öýe getirilmek hyzmatyndan peýdalanmak mümkiçiligi bar.

Wladimir Komarow