Ï Türkmen gawuny ajaýypdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen gawuny ajaýypdyr

view-icon 5859

Aýdylyşyna görä, geçmiş zamanlarda gawun ogurlygy üçin aýratyn jeza bolupdyr: bazardan gawun ogurlan adam beýleki miwelere göz gyzdyranlardan has köp ýumruk iýer eken. Beýle jeza berilmegi ogrynyň ýaltalygy üçinmiş diýýärler, çünki gawuny ýetişdirmegiň hiç hili kynçylygy ýok ahbetin. Topraga çigit okla-da, garaşyp oturyber – gawunyň özi ösýär, özi bişýär. Bu, hakykatdan-da, şeýlemikä? Türkmen topragynda doglan adam onuň hamrak ene deý öz çagalaryny zähmetsöýerlikde ulaldýandygyny – ýekeje bugdaý dänesini-de, bir damja suwy-da mugt almaga rugsat etmeýändigini, ýöne onuň zähmetkeşe iň hoşboý ysly çörek, şekerden şirin üzüm we mis deý ýaldyrap duran gawun serpaý ýapýandygyny bilýär.

Hoşboý ysly türkmen gawunyna dünýäde taý ýok. Muny heniz gawun aňrybaş tagamly nygmat hasaplanan we bir gawuna bir düýe berlen wagty bolan gadym eýýamlarda-da bilipdirler.

Türkmen gawunynyň artykmaçlygyny 1881-nji ýylda Russiýadan we Kawkazdan gelen ilkinji göçmenler-de belläpdirler. Uýgunlaşmadyk yssy howa zordan çydaýan bu adamlar ýerli ilatyň sagdynlygyna, zähmete ukyplylygyna we şähdaçyklygyna geň galypdyrlar. Ýyllaryň geçmegi bilen, türkmen topragynyň täze raýatlary türkmenleriň ýaşaýşa ukyplylygynda beýleki birgiden zatlar bilen birlikde pähimli, wagtyň synagyndan geçen dogry iýmitlenmegiň ähmiýetiniň uludygyna, bu işde witaminleriň, mineral duzlaryň, mikroelementleriň, glýukozanyň, saharozanyň, pektinleriň, karotinleriň ähli baýlygyny özünde jemleýän gawun hormatly orny eýeleýändigine göz ýetiripdirler. Ol adamy diňe bir açlykdan halas edip ýa onuň teşneligini gandyrman, eýse kesellerden-de bejeripdir.

Türkmenler gawun etiniň peşew çykarma häsiýetiniň bardygyny has ir döwürden bilipdirler, ýaş naýçalaryň gaýnatmasy bolsa garyn infeksiýasynda ulanylypdyr, gawun çigidinden alnan ýag bilen gan damarlary arassalanypdyr. Sagdyn altynsow gawuny kerwen-de ýola alypdyr, çopan goşuna-da ugradypdyrlar. Ol türkmen halky üçin mukaddes bolan çörek ýaly, uzak ýolda-da zaýalanmandyr we argyn adamlara diňe bir güýç-kuwwat däl, eýsem tagamly nygmatyň şatlygyny-da beripdir. Türkmenler gawumyň gadyr-gymmatyny bilipdirler, ony ösdürip ýetişdirmegiň syrlaryna belet bolupdyrlar we gawun tetärigini görmegi başarypdyrlar.

Taryhy resminamalar her uýezdiň ilatynyň gawuny öz usuly bilen ekip, öz usuly bilen-de ýetişdirendigini gür berýärler. Mysal üçin, 1882 – 1890-njy ýyllaryň maglumatlaryna görä, Ýolötende daşgyn suwlar gaýdyşandan soň, suw basan ýerlerde gawun ekilipdir, we tä bişýänçä, diňe bir gezek suwarylypdyr. Gyzylarbatly daýhanlar bolsa ýagyşdyr gar suwy jemlener ýaly güýzde giň çukurlar gazypdyrlar. Alabaharda, topraga güneşiň ilkinji mylaýym şöhlesi çaýylanda, bu çukurlaryň töwereginde gawun ekipdirler we tä bişýänçä, bir gezegem suwarmandyrlar. Zakaspini öwreniji ruslaryň aýtmagyna görä, tebigy suwdan ganyp, ýiti gün nurunyň astynda ösen gawunlar adatdan daşary süýji, şireli we hoşboý ysly bolupdyrlar. Dürli obalarda gawun ekilişiniň we oňa ideg etmegiň dürli usullaryny bilipdiler, ýöne ol hemme ýerde ösdürilip ýetişdirilipdir. Hasyl döwri ýylyň iň yssy günlerine düşüpdir, şol sebäpden hasyl daň saz berenden, ýyglyp başlapdyr.

Türkmen halkynda gawun tetärigini edinmegiň köp usuly bolupdyr. Bişen gawunyň etinden hoşboý ysly şirin toşap gaýnadypdyrlar. Goýy gawun toşabyna bugdaý ununy we künji dänelerini goşup, sök edipdirler. Ony 2-3 ýyl saklamak bolýan eken. Güne kakan gawuny işip, kak edipdirler. Bu ajaýyp gawun kişdesi diňe bir ýerinde ulanylman, eýsem 19-njy asyrda we 20-nji asyryň başlarynda başga ýerlere-de çykarylypdyr. Gyş gawunlaryny türkmenleriň indiki hasyla çenli saklap bilmekleri gyzyklydyr. Özi-de olar näçe köp saklandykça, şonça-da tagamy artypdyr.

Gepiň tümmek ýeri, Zakaspini öwrenijiler türkmen bakjaçysynyň arman-ýadaman işleýän zähmetkeşdigini görüpdirler, özlerem “Rus imperiýasynyň bazarlarynyň iň gowy harydy bolan türkmen gawunynyň” adamyň zähmetine neneňsi rehnet bilen jogap gaýtarýandygyny belläpdirler. Ine, türkmen gawunynyň şöhratyny tassyklaýan birnäçe resminama.

1891-nji ýylda Moskwada geçirilen Orta Aziýa boýunça serginiň hasabatyndan: “Zakaspi oblasty boýunça oba hojalyk we ekerançylyk bölüminde Saragt gawunlary, kädileri, ak we gyzyl pagtasy, elde arassalanan pamyk nusgalary 5 gyzyl; 7 kümüş; 3 bürünç medala we 42 makullaýjy seslenmä mynasyp boldy”.

1898-nji ýyl üçin “Zakaspi oblastyna synyndan”: “Zakaspi oblastynyň bakjaçylygy diýseň görnükli ähmiýete eýedir. Bu ýerde gawun ýerli ilat üçin azyk harytlarynyň esasylarynyň biridir. Gawun diňe bir süýji nygmat däl, eýse derman serişdesidir hem. Tejen uýezdiniň türkmenleri, hatda gawun düwünçeklerini ulanmak bilen, kesel hem bejerýärler”. Şol ýerde: “Gawunyň ýerli sortlary ajaýyp hili bilen tapawutlanýarlar, olar aýratyn şekerli we hoşboý yslydyr”.

1911-nji ýyl üçin “Zakaspi oblastynyň synyndan”: “Ashabat uýezdinde bakjaçylyk Ashabadyň etegindäki obalarda gowy ösen... Gawun-garpyz meýdanlary giden ýerleri eýeleýärler. Tagamy boýunça türkmen gawunlary – ajaýyp”. 

Wladimir Zarembo