Ï Türkmenistan HHR-a turbageçirijilerden gaz ugratmakda 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde öňe çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan HHR-a turbageçirijilerden gaz ugratmakda 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde öňe çykdy

view-icon 1573

Türkmenistan Hytaýa turbageçirijilerden gaz ugratmakda 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde öňe çykdy. Bu barada Interfaks HHR-yň Gümrük boýunça baş edarasyna salgylanyp habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Hytaý 2021-nji ýylyň aprel aýynda turbageçirijilerden jemi 4,227 milliard kub metr (geçen ýyl 3,427 milliard kub metr) gaz import etdi. Hytaýa Türkmenistan 2,576 milliard kub metr. Russiýa – 487 million kub metr, Gazagystan - 617 million kub metr, Özbegistan -229 million kub metr, Mýanma - 318 million kub metr gaz ugratdylar.

Interfaks şeýle hem Russiýanyň ozalkysy ýaly turbageçirijilerden gaz ugradýanlaryň arasynda Hytaýa iň arzan bahadan gaz iberýändigini belleýär. Russiýanyň Hytaýa iberýän gazynyň bahasy 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda gaz iberilip başlan döwründen bäri ilkinji gezek ýokarlandy.