Ï Telekeçiler üçin internet hyzmatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçiler üçin internet hyzmatlary

view-icon 3708

“Türkmen Hemrasy” ýapyk paýdarlar jemgyýeti türkmen telekeçilerine internet hyzmatlary üçin amatly bahalary hödürleýär. Bu maglumat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň resmi saýtynda ýerleşdirilipdir. XXI asyrda häzirki zaman hemra aragatnaşyk hyzmaty, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda iş alyp barýan türkmen telekeçilerini-de goşmak bilen, işewürleriň netijeli işlemegi üçin möhüm şertleriň biridir. Bu şereket Türkmenistanyň giň geografik zolaklaryny, şol sanda süýümli optik kanallar bolmadyk Garagum sährasyny we daglyk sebitlerini göz öňünde tutmak bilen, internet ulgamyna giriş, wideo konferensiýa aragatnaşygy we telefon hyzmatlary, giň zolakly internet we korporatiw ulgamlar (SCADA, wideo gözegçilik, telemetriýa we ş.m.), uzakdan maglumat alyşmak mümkinçiligi we ş.m. bilen üpjün edýär. 

“Türkmen Hemrasy” ýapyk paýdarlar jemgyýeti “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, “Türkmentelekom” telekommunikasiýa şereketiniň we “Altyn Asyr” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň gatnaşmagynda 2015-nji ýylda döredilipdi. Bu jemgyýetiň maksady şol ýylyň 28-nji aprelinde Kanaweral burnundan (ABŞ) orbita çykarylan Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasy bolan “TürkmenÄlem 52°E” arkaly hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmakdyr.

Kompaniýa diňe bir müşderi sanyny artdyrmak däl, eýsem Türkmenistanda işleýän dünýäniň iri nebit-gaz şereketlerinini – CNPC, ENI, Dragon Oil, Petronas we ş.m. özünde jemleýän müşderilerine hödürleýän hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge çalyşýar. 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden öňden bar bolan “Çinar Media” (Owganystan Yslam Respublikasy) we “SatADSL” (Belgiýa) hyzmatdaşlary bilen baglaşylan şertnamalaryň möhletleri uzaldyldy. Mundan başga-da, “Axess Network” (Germaniýa) we “ITV yaýincilik” (Türkiýe) bilen hyzmatdaşlyk barada şertnamalara gol çekildi. Geljekde bolsa bu şereketler bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meýilleşdirilýär.

Ogulgözel Rejebowa