Ï Köpetdagyň zynaty – arça
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpetdagyň zynaty – arça

view-icon 4846

Alym botanikler türkmen arça agajynyň geň sypatlarynyň biriniň ýaşaýşa erjelligi netijesinde ösmegi üçin ygalyň gyt şertlerinde-de daglarda ösüp bilýändigini belleýärler. Adamlar gadym döwürlerden bu daragtyň üýtgeşik sypatlaryny öwrenip, ony hojalyk-durmuş hajatlary üçin ýerlikli ulanypdyr.

Onuň üýtgeşik sypatlarynyň ýene biri-de uzak ýaşaýanlygydyr. Arçalaryň Türkmenistanda ýaşy 600 ýyla ýetenleri-de duşýar, dogrusy olaryň aglabasy 300-400 ýaşan agaçlardyr. Muny geňläp oturmaly däl, çünki arça äwmän-alňasaman ösýär. Daglarda oňa bäsdeş ýok, beýleki agaçlar esasan jülgelerdedir çeşmelere golaý ýerlerde ýa-da, meselem, kerkaw ýaly, arçanyň saýasynda gögerýär. 

Botanikler onuň dargamaga juda durnuklylygyny hem belleýärler, ýakylanda haýal ýanyp, gyzgyny güýçli bolýar.

Arça ösýän ýeriniň relýefine-de täsirini ýetirýär. Kökleri gaýalaryň jaýryklaryna çuň aralaşyp, toprak örtüginiň kemala gelmegine gatnaşýar.

Daglarda, käte dag eteklerinde arça ençeme ýyllap odun hökmünde ulanylypdyr. Ondan guýy gazylanda-da peýdalanypdyrlar: ony guýynyň diwaryny berkitmek üçin içine örüpdirler: netijede suw zaýalanmandyr, guýy ençeme ýyllap adamlara hyzmat edipdir.

Onuň esasy aýratynlygy dermanlyk häsiýetidir. Arçanyň şahalary gowy antiseptikdir, pürleri mikroorganizmleri öldürýär, hozy peşew çyakjryjy we gakylyk goparyjy serişdedir, arça balzamy ýaralary çalt bitirýär. Arçanyň halk tebipçiliginde ulanylyşy barada doly maglumaty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikelri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik eseriniň birinji jiltinden tapyp bolar.

 Roman Teplýakow