Ï Tebigatyň we adamyň bähbidi üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigatyň we adamyň bähbidi üçin

view-icon 6123

Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça Çäreler meýilnamasy tassyklandy. Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasynyň wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi bilen jebis baglanyşygy bolan bu resminamada tebigy ekoulgamyň we ýurduň toprak hem howa şertleriniň aýratynlyklaryndan ugur almak bilen, ýaprakly, pürli we miweli agaçlary, üzüm nahallaryny, şeýle hem çöl ösümliklerini ekmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we ylmy-gözleg işlerini taýýarlamagyň meýilnamalary, ýurtda tokaý hojalygyny ösdürmek boýunça guramaçylyk çärelerini, şeýle hem tokaý pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemek we ony iň gowy dünýä tejribeleri esasynda ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň giň ugurlaryny öz içine alýan ekologiýa we howa strategiýasyny durmuşa geçirmek ugrunda ýene bir amaly ädim bolar. Bu Aral deňzi meseleleri we Hazar deňzinde biodürlüligi hem ekologik deňagramlylygy saklamak boýunça halkara başlangyçlar, ýurtda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we daşky gurşawy goramak, ekologik gözegçiligi geçirmek we dürli ekoulgamlarda biodürlüligi öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän çärelerdir. Ýurduň alymlary zaýalanan öri meýdanlaryny dikeltmek we gowulandyrmak, awtomobil we demir ýollary, şeýle hem beýleki ykdysady desgalary çäge syrgynlaryndan goramak boýunça teklipleri öwrenmek we degişli maslahatlary işläp düzmek bilen meşgullanýarlar. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny ösdürmegiň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biodürlüligini giňişleýin öwrenmegiň, maglumat bankyny we Döwlet kadastryny döretmegiň, endemik, seýrek we ýitip barýan haýwanlaryň görnüşlerine gözegçilik etmegiň we milli Gyzyl kitaby ýöretmegiň ylmy esaslary döredilýär.

Bularyň bary dünýäniň gün tertibine, hususan-da, BMG tarapyndan yglan edilen 2021 – 2030-njy ýyllar üçin ekoulgamy dikeltmek boýunça onýyllygyň wezipelerine doly laýyk gelýär. Ekoulgamy dikeltmegiň onýyllygy adamzadyň we tebigatyň bähbidi üçin bütindünýä çagyryş bolmak bilen, dünýäde howanyň gyzmagyna, daşky gurşawyň hapalanmagyna we biodürlüligiň ýitmegine garşy göreşmek üçin zerur bolan syýasy, ylmy we ykdysady gorlary jemlemäge mümkinçilik berer. Gyssagly suratda dikeldilmeli ekoulgamlara oba hojalyk ýerleri, tokaýlar, çemenlikler, daglar, torfluk ýerler, süýji suwlar, ummanlar, şeýle hem şäherleriň ekoulgamlary degişlidir. Ekoulgamy dikeltmek boýunça onýyllyk Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) ýolbaşçylygynda geçiriler.

BMG-niň onýyllygyny geçirmegiň maksady bütin dünýäde umumy hyzmatdaşlyk, ösüş we dikeldiş boýunça başlangyçlara itergi bermek üçin hökümetleri, BMG-niň guramalaryny, raýat jemgyýetini, hususy sektora degişli şereketleri, ýaşlary, aýallar birleşigini, ýerli halklary, mülkdarlary, daýhanlary, ýerli jemagaty we aýry-aýry şahslary höweslendirmek we goldamakdyr. Tagallalar köp sanly çäreleri guramaga gönükdiriler. Bu çäreleriň toplumynda howanyň kadalaşmagynda möhüm rol oýnaýan tokaýlary goramaga we dikeltmäge möhüm orun berilýär.

Merkezi Aziýada BMG-niň ekoulgamy dikeltmek boýunça onýyllygyna girişme, ilkinji nobatda, Aral deňziniň we tutuş sebitiň zaýalanan ýerlerini hem landşaftyny sagdyn ekoulgama öwürmek, oba hojalyk ýerleriniň ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky tagallalaryň güýçlenmegini we birleşmegini, umuman ýer hem suw baýlyklaryny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. 

                                                                                      Ogulgözel Rejebowa