Ï Mekdebe çenli bilim edaralarynyň ulgamy giňeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdebe çenli bilim edaralarynyň ulgamy giňeýär

view-icon 6351

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde mekdebe çenli bilim edaralarynyň ulgamy barha giňeýär. Şu günler Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda döredilýän täze ýaşaýyş toplumynda olaryň ýene biri gurulýar. 240 çaga niýetlenen täze binany “Daşoguznebitgazgurluşyk” trestiniň tehniki üpjünçilik boýunça önümçilik müdirliginiň hünärmenleri gurýarlar. Häzir bu ýerde iki gatly binanyň otaglarynyň we daşarda ýerleşýän tomus telärleriniň diwarlary timarlanýar, howly meýdany abadanlaşdyrylýar. 

Ýurdumyzda şunuň ýaly maksatly desgalara bildirilýän talaplara laýyklykda, täze gurulýan mekdebe çenli çagalar edarasynda körpe nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, hereketli oýunlar we çagalaryň döredijiligi,  kompýuter tehnologiýasynda işlemek endiklerini öwretmek üçin ähli şertler dörediler. Täze çagalar bagynyň düzümine ýatyş, okuw hem döredijilik otaglaryndan başga-da, aýdym-saz otagy, lukman otagy, sergin howada dynç almak üçin on iki sany eýwan, kiçeňräk açyk howuz, oýun meýdançalary we dürli maksatly zerur binalar girer.

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim ulgamynyň maddy we tehniki binýadyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hem berkitmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň netijesinde Daşoguz welaýaty häzirki wagtda umumy bilim berýän mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ösen ulgamyna eýedir. Sebitde on müňlerçe çaga terbiýeleýän 528 orta mekdep we 112 çagalar bagy bar. Olaryň köpüsi, milli özgertmeler maksatnamasynyň çäginde sebitde soňky onýyllyklarda gurlan täze döwrebap edaralardyr. 

  Batyr Öräýew