Ï «Balkan» APJ iş depginini artdyrýar we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Balkan» APJ iş depginini artdyrýar we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

view-icon 2558

“Balkan” Gämi gurluşyk we bejergi zawody iş depginini ýokarlandyryp, ýerli hem daşary ýurt şereketleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bu paýdarlar jemgyýetiniň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýa girmegi bilen döredilen gününden bäri, gämi hünärmenleri bejerginiň dürli görnüşleri arkaly kyrkdan gowrak gämini, şol sanda on daşary ýurt gämisini düýpli bejerdiler.

Häzirki wagtda “At-abraý” hojalyk jemgyýetine degişli “Ceren-E” tirkeg-kran gämisiniň we “GAC Marine S.A.” şereketiniň “Marzhan” tirkeg gämisiniň abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Bu şereketiň eýeçiligindäki “Bossan” gämisi hem düýpli abatlanar.

Kärhananyň hünärmenleri “Ak Bars” “Birleşen senagat korporasiýasy” Paýdarlar jemgyýeti (Tatarystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) we “Derya Group Mekanik Inşaat Taahhüt Tersane San. ve Tic. A. Ş.” şereketi (Türkiýe Respublikasy), “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti (Russiýa Federasiýasy), şeýle hem Koreýanyň Deňiz enjamlarynyň barlag instituty (Günorta Koreýa) bilen abatlaýyş hem gämi gurluşygy babatynda birnäçe hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler..

Zawodyň işgärleri diňe bir gämi abatlamak we deňiz hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, öz önümçilik kuwwatlyklaryny täze gämileri gurmak we ýurduň söwda flotuny ösdürmek ugrunda giňden ulanarlar. Hususan-da, ýakyn wagtda Türkmenistanyň Suw baýlyklary boýunça Döwlet komitetiniň zerurlygy üçin ýüzýän gazuw desgasyny (zemsnarýad) gurmaga gerek serişdeleri we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak maksady bilen tender yglan ediler.

Zawodda diňe bir gämileri bilelikde abatlamak we gurmak üçin şertler döredilmän, eýsem şereket hyzmatdaşlaryny ammar we edara jaýlary bilen-de üpjün edýär, şeýle hem enjamlary, desgalary, kranlary we beýleki tehnikany kireýne berýär. Zawodyň işgärleri Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň kenaryndaky pirsleriň (port desgalarynyň) gurluşygynda ulanylýan dürli ululykdaky metal konstruksiýalary ýygnamak, konteýnerleri we wagonlary bejermek, 100 mm galyňlykdaky polat tagtalary plazma bilen awtomatik usulda kesmek ýaly hyzmatlary hödürleýärler we kömekçi potratçylardan gelen beýleki sargytlary-da ýerine ýetirýärler.

Gämi bejeriş zawody Hazar boýundaky şäheriň iň ýaşuly kärhanalarynyň biridir. Ol 1941-nji ýylda deňiz ýakasyna göçürilip getirilen iki sany rus kärhanasynyň – Taganrog we Rostow gämi abatlaýyş kärhanalarynyň esasynda döredilipdir.

Bu iň köne gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody biziň günlerimizde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň durkunyň täzelenmegi we düýpli gurluşygy bilen baglanyşyklylykda ikinji gezek “dünýä indi”. Köne kärhananyň ýerliginde iň täze tehnologiýalar we abzallar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhana döredildi. Häzir bu gämi ussahanasynda diňe bir gämileri däl, eýsem nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, gämi duralgalaryny, gaýyklary bejermek we gurmak, şeýle hem dürli görnüşli polat konstruksiýalary döretmek bolýar. Bu ýerde uly göwrümli bloklary ýygnamak, gämi göwdelerini abraziw arassalamak we reňklemek üçin ýörite bölümler we başga zatlar bar. Zawod gämileri abatlamakda we gurmakda ulanylýan birnäçe müň tonna polady gaýtadan işlemek üçin ýörite abzallar bilen-de enjamlaşdyrylandyr.

Häzirki wagtda gämi abatlaýyş zawody gämi gurluşygy boýunça ökde hünärmenleri taýýarlaýar. Işçileriň köpüsinde kebşirleme işleriniň SAW, GTAW, TIG görnüşlerine laýyklyk şahadatnasy bar, olar weýran etmeýän kontrolyň ultrases usuly boýunça (Beýik Britaniýa) II derejeli hünärmenler hökmünde synagdan geçdiler. “Balkan” Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody APJ-niň mümkinçiliklerini ulanmakda iň gowy dünýä tejribesinden amaly peýdalanmak deňiz ýüklerini daşamagyň we ýolagçy gatnawlaryny guramagyň netijeliligini ýokarlandyrar.

Wladimir Komarow