Ï Ýewropa bileleşigi we Döwlet gullugy akademiýasynyň taslamasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropa bileleşigi we Döwlet gullugy akademiýasynyň taslamasy

view-icon 2837

Ýakynda paýtagtdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝB bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň “Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň hünärleriniň ösdürilmegine goldaw” atly bilelikdäki taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň jemleýji duşuşygy geçip, onda hasabata degişli döwürde edilen işleriň jemleri jemlendi. Bilelikdäki taslamanyň göz öňünde tutýan maksadynyň döwlet düzüminde we ýerli häkimiýet edaralarynda, döwlet hem şäher dolandyryş edaralarynda işlemek üçin hünärmenlerdir ýolbaşçy işgärleri taýýarlamak boýunça Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw meýilnamalaryny we sapaklaryň gidişini kämilleşdirip, tehniki hem usulyýet kömegini bermekden ybaratdygyny ýatladalyň.

2017-nji ýylyň başynda başlanan bilelikdäki taslama, “Döwleti dolandyryş” maksatnamasy boýunça iki ýyllyk magistrlik okuwynyň meýilnamasyny ädimme-ädim işläp düzmegi we uýgunlaşdyrmagy, modullary, (silabuslary) taýýarlamak, şeýle hem interaktiw görnüşler we okatmagyň usullary boýunça mugallymlar üçin ösen daşary ýurt tejribesine esaslanýan we Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutýan tematik seminarlar geçirmegi öz öňünde wezipe edip goýdy. Şeýlelik bilen, bilelikdäki taslama ýyllyk iş meýilnamalarynyň çäginde ýerine ýetrilen işleriň esasy many-mazmunyny görkezýän iki sany özara baglanyşykly düzüm bölegini öz içine alýar.

Birinji düzüm bölegi diňleýjileriň, mugallymlaryň we hünärmenleriň hünärlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bolsa, ikinjiniň wezipesi zerur okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny düzmäge kömek etmek, Döwlet gullugy akademiýasynyň mundan beýläk ösüş strategiýasyny işläp düzmekde öňe çykýan zerurlyklara we talaplara baha bermek. Taslamada göz öňünde tutulan işleriň gidişine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň wekilleri çekildi. Olar okuwlary, seminarlary we tegelek stollary taýýarlamak hem geçirmek boýunça maslahat ýardamyny berdiler.

Umuman, hasabat döwründe bilelikdäki taslamanyň çäginde 60-dan gowrak okuw seminarlary we tematik duşuşyklary, aýry-aýry okuw dersleri boýunça düzülen modullary ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stol görnüşinde gurnalan iş toparlarynyň 8 mejlis geçirildi. Şeýle hem, iki gezek konferensiýa geçirilip, olarda taýýarlygyň hilini ýokarlandyryp, döwlet hem şäher häkimiýeti gullugyndaky syýasy hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mugallymlar toparynyň tagallasy bilen “Döwlet dolandyryşy” magistr kursunyň 16 okuw moduly işlenip düzüldi.

Magistr maksatnamasynyň esasy maksady döwlet dolandyryşynyň täsirli ulgamy, bäsleşlikli we bazar şertlerinde ykdysady ýagdaýlary kadalaşdyrmak, şeýle hem, döwlet we şäher häkimiýeti gulluklary, iri korporasiýalary, ylmy bilermen merkezleri, bilim edaralary üçin ýokary hünärli hünärmenler ätiýçlyklarynyň döredilmegine ýardam etmekdir. Magistr kursunyň tapawutly aýratynlygy okadylyşyň täzeçilligi, çeýeligi we döredijilikliligidir.

Magistr maksatnamasynyň artykmaçlyklaryna şulary degişli etmek mümkindir: Döwlet gullugy akademiýasynyň öňdebaryjy kafedralarynda işleýän mugallymlarynyň we döwlet pudagyna degişli amalyýet mugallymlarynyň professional düzümi, döwlet sektorynda we işewürlikde iň oňat dolandyryş tejribesini paýlaşjak döwlet şereketleri hem işewür guramalar.

Bilelikdäki taslamanyň başlangyjy bilen dolandyryş, meýilnamalaşdyryş, maliýeleşdiriş we döwlet gullugyny gurama boýunça halkara tejribäni öwrenmek üçin, Bolgariýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Belarus we Gazagystan ýaly birnäçe daşary ýurtlara okuw saparlary guraldy.

Onlaýn formatda guralan “Tomus mekdebiniň” – uzak aralykdan okuw geçmek bilen, diňe bir bilim maksatnamasyny däl, eýsem taslama we gözleg işlerine gatnaşmagy, ýekelikde hem toparlaýyn maşklary amala aşyrmagy göz öňünde tutan mugallymlar üçin gysga möhletli okuw sapaklary döwlet gullugy akademiýasynyň potensialyny ýokarlandyrmakda diýseň netijeli boldy. Lektor hökmünde Germaniýadan, Gollandiýadan, Bolgariýadan we Sloweniýadan gelen halkara taslama hünärmenleri gatnaşdy.

Birnäçe günlük webinarlaryň we çekişmeleriň dowamynda oňa gatnaşanlar sanly gurşawda netijeli pedagogik täsirleri bolan bäş sany wajyp endigi özleşdirdiler:

- maglumatlary derňeme;

- baha berme;

- onlaýn okuwyň psihologiýasy we sebäpleri;

- okuw tärlerini gurama we öwüşgin berme;

- tejribäni we iş ýüzünde öwrenmegi meýilleşdirme.

Ykdysady ylymlaryň kandidaty, Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy Ogultäç Söýünowa “Döwlet dolandyryşy” magistr maksatnamasynyň, umuman alanyňda, döwlet edaralarynyň we ýerli dolandyryş edaralarynyň guramaçylygyny we netijeli işini üpjün edip bilýän häzirki zaman dolandyryş tehnologiýalaryny ulanmak endiklerini ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady. Interaktiw kurs döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy üpjün edýän mehamizmi özleşdirmäge, dürli ugurly guramalarda aýry-aýry gurluş bölümleriniň wezipeli şahslarynyň işi, şeýle hem hünär usuly we hünär edebi barada düşünje döremegine ýardam eder.

Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet we halkara hukugy bölüminiň uly mugallymy Ýazmyrat Kulyýew magistrleri taýýarlamagyň tapawutly taraplaryna ünsi çekdi. Munda dolandyryş, ykdysady we umumy ynsanperwerlik dersleriniň özleşdirilmegi bilen bir hatarda, döwlet we şäher häkimiýeti gullukçylarynyň kanuny ulanyş we hukuk resminamalaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly ep-esli hukuk dersleri-de bar. “Ýeke penjire” ulgamy arkaly raýatlara hukuk hyzmatlaryny we hukuk maslahatlaryny bermekde maglumat tehnologiýalarynyň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ahyrda täze 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň esasynda “Döwlet dolandyryşy” (magistr derejesini) taýýarlamagyň strategik maksady umumy medeni we hünär, şeýle hem hünär başarnyklary ulgamyny döretmek we ösdürmek bolan ugruny açmagyň meýilleşdirilýändigini bellemelidiris.

Hajymyrat Pirmuhamedow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy