Ï Benziniň dünýädäki orny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Benziniň dünýädäki orny

view-icon 4129

Dünýä ýurtlarynda benziniň bahasy barada maglumat çap edýän ýörite saýtlar Türkmenistanda oktan derejesi 95 bolan benziniň 1 litriniň bahasynyň 1,5 manatdygyny (0.429 ABŞ dollarydygyny), dünýädäki bahasynyň bolsa ondan üç esse ýokarydygyny ($ 1,18) belleýärler. Merkezi Aziýada benziniň iň arzan ýurdy bolan Türkmenistan dünýdäki ýangyç bahalarynyň sanawynda ýedinji orunda durýar.

Dünýäde ýangyjyň bölekleýin bahalary ilaty gyzyklandyrýar, çünki olar dürli harytlaryň, şol sanda sosial ähmiýetli azyk önümleriniň we hyzmatlaryň bahalaryna öz täsirini ýetirýär. Benziniň bahasynyň ýokarlanmagy haryt öndürmegiň, daşamagyň, saklamagyň, satmagyň tutuş ýollaryna böwet bolmaga sebäp bolup, beýleki harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna howp salýar. Şol sebäpli käbir ykdysadyýetçiler benzin, sarp ediş goruna gönüden-göni girýär diýip hasap edýärler. Nyrhyň ýokarlanmagyna dünýäde, nebit bahalaryndan başlap, aýry-aýry döwletleriň salgyt syýasatyna degişli birgiden içerki we daşarky meseleler täsir edýärler.

Türkmenistanda benziniň arzan bahasynyň durnuklylygy dünýäde uglewodorod ätiýaçlyklaryna baý bolup energiýa potensialynyň we sosial syýasatynyň ileri tutulmagyna baglydyr. Ýurdymyzda ýeterlik mukdarda nebit öndürilip, gaýtadan işlenýär, olaryň belli bir bölegi beýleki ýurtlara eksport edilýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) Energetika ministrleriniň 4-nji mejlisinde habar berlişi ýaly, soňky üç ýylda Baku – Tbilisi – Jeýhan nebit gçiriji arkaly takmynan 20,7 million tonna türkmen çig nebiti we nebit önümleri dünýä bazarlaryna iberilipdir.

Türkmenistanyň içerki bazarynyň ösen islegini, nebiti we gazy gaýtadan işleýän ýurdumyzdaky häzirki zaman kärhanalary kanagatlandyrýar, şolaryň arasynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod aýratyn orny eýeleýär. Bu kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 1,785 milliard kub metr gazy gaýtadan işlemäge we 600 müň tonna Ýewro-5 benzini, 12 müň tonna dizel ýangyjyny hem-de 115 müň tonna LNG öndürmäge niýetlenendir.

Şu ýylyň maý aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda geçiren işmaslahatynda kärhananyň her gün 1800 tonna benzin öndürýändigi bellenildi. Ekologik standartlaryna laýyk gelýän bu ýokary hilli önüm, baglaşylan ähtnamalar esasynda, Owganystana we Ýewropa ýurtlaryna iberilýär. Zawodyň ikinji nobatynyň gurluşygy boýunça işler hem alnyp barylýar.

Ogulgözel Rejebowa