Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Döwlet Baştutanymyz «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ygtyýaryna gelen «Rahat» atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynda gurlup, ilkinji ýüzüşe goýberilen «Rahat» atly täze türkmen gämisinde Hazar deňzinde gezelenç etdiler.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňiz gezelenjinden hoşy gelýän jahankeşdeler we syýahatçylar üçin niýetlenendir. Uzynlygy 33 metre, ýüzüş uzaklygy 100 deňiz miline barabar bolan bu gämide ýolagçylaryň rahat ýüzüşi we dynç alşy üçin ähli amatlyklar bar.
Deňiz gezelnji wagtynda döwlet Baştutany hökümet agzalary bilen Hazaryň türkmen kenaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Gezelençden soň hoşlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti gäminiň kapitanyna we ekipaž agzalarynyň hemmesine işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Türkmenistan özüniň söwda floty üçin gämileri daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň-da belli gämi gurluşyk kärhanalaryna sargyt edýär.