Ï “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 2670

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz maksatnamalaýyn çykyşynda şu ýylda ýerine ýetirilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň jemini jemledi hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ýurtlary bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy. Bu waka Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek babatda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Okyjylar köpçüligi žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken “2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda”, “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda” Permanlary bilen tanşyp bilerler. Neşirde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň sanawy getirilýär. “Garaşsyzlyk: durnukly ösüşiň ýoly” atly makalada ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan ägirt uly üstünlikler barada gürrüň edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrylan giň gerimli özgertmeler Watanymyzyň okgunly ösmegine, onuň parahat we abadan döwlet hökmünde dünýä giňişliginde ykrar edilmegine ýardam berdi.

Okyjylaryň dykgatyna Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň hukuk esaslary baradaky makala hem hödürlenilýär. Makalada nygtalyşy ýaly, şahyryň edebi mirasy döwletimiziň milli medeni gymmatlygy we halkymyzyň ruhy hazynasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Bu Kanunda ýaşlarda ýokary ahlak häsiýetlerini kemala getirmekde we ösdürmekde, olary halkymyzyň şöhratly geçmişine çuňňur hormat goýmak, watançylyk ruhunda terbiýelemekde akyldaryň edebi mirasyny giňden wagyz etmek meseleleri öz beýanyny tapýar.

“Sanly ykdysadyýet we innowasion ösüş” atly makalada maglumat tehnologiýalarynyň, internetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, bu ugurda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy, aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň ösdürilmegi ähli ugurlara öz oňyn täsirini ýetirmek bilen, hyzmatlary dessin hödürlemek mümkinçiligini giňeldýär. Sanly ulgamyň üstünlikli ösmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň kanunçylyk binýady hem yzygiderli berkidilýär. Žurnalyň sahypalarynda “Multimodal ýük daşaýyş şertnamalaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalary” atly makala hem çap edilip, onda degişli ulgamlaryň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça meýilnamalaýyn işler hakynda söz açylýar.

Neşir däp bolan “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda paýtagtymyzda halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, mejlislere, okuw maslahatlaryna we beýleki çärelere syn berilýär.