Ï Ussat heýkeltaraş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ussat heýkeltaraş

view-icon 6145
Ussat heýkeltaraş

Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli heýkeltaraşlarynyň arasynda : «Meniň Watanym», «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanşmagynyň Watany», «Bagtly durmuş», «Milli gahrymanlarymyz», «Taryhy şahsyýetler», «Zähmet», «Bagtly ýaşlyk», «Bagtly maşgala», «Medeni mirasymyz» ýaly temalarda bäsleşik guraldy. Bäsleşiginiň netijelerini jemlemek dabarasy Türkmenistanyň Döwlet sungat akademiýasynda geçirildi.

Bu geçirilen bäsleşige diňe bir biziň ýurdumyzdan däl-de, eýsem dünýäniň 10 ýurdundan onlaýn internet ulgamy arkaly ençeme işler gatnaşdy. Bäsleşikde Türkmenistan boýunça birinji orna Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň agzasy, heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedow özüniň döreden «Parfiýaly döwlet goşuny» atly işi bilen eýe boldy.

Heýkeltaraşçylyk sungatynyň syrlaryna aralaşan ynsan onda jadylaýjy güýjüň bardygyny duýýan bolmaly. Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň yhlas bilen ýasan eserlerini synlanyňda täsin bir duýgulara imrineniňi duýman galýarsyň. Gylyçmyrat aga 1941-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Maşgalada bäş çaganyň içinde ulalyp ösen ýaşajyk Gylyçmyrat Mary welýatynyň Türkmengala etrabyndaky 2-nji orta mekdebinde başlangyç bilimi alýar. Soňra Aşgabatdaky Ş.Rustaweli adyndaky Çeperçilik ýörite orta mekdebine okuwa girýär. Ol ýerde heýkeltaraşlyk bölüminde okap, ussat suratkeşler Pawel Popow, Walentin Çudinow we Alekseý Şetin ýaly halypalaryň elinde tälim alýar. Soňra Gylyçmyrat şol ýörite orta mekdebi üstünlikli tamamlap, Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky Döwlet çeperçilik institutyna okuwa girýär. Gylyçmyrat talyplyk ýyllarynda döredijilik ýolunyň ilkinji ädimlerine gadam basýar we Moskwanyň professorlary M.F.Baburin we N.W.Tomskiý ýaly tanymal ussatlardan tälim alyp, heýkeltaraşlygyň has inçe tilsimlerini öwrenýär.

Ol ýokary okuw jaýyny tamamlap, ozalky okan yörite orta mekdebinde mugallym bolup işe başlaýar. Heýkeltaraş döredijiliginiň ilkinji ýyllarynda dürli žanrlardaky kiçi göwrümli we monumental heýkel eserlerini ýasaýar. Onuň döreden heýkellerinden 1975-nji ýylda Mary welaýatynyň merkezinde ýerleşýän «Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan ýadygärligini» mysal edip görkezse bolar. 1979-njy ýylda döreden Aşgabat şäherimizdäki «Gülüstan» bazarynyň merkezinde ýerleşýän «Keýigokara» atly monumental heýkeli, 1980-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Magtymguly şaýolundaky diwaryň ýüzüni bezäp otyran beýikligi 13 metr «Suw geldi» diýip atlandyrylan monumenti häzir şäherimiziň ýaşaýjylaryny we onuň myhmanlaryny haýran galdyryp özune çekýär. Bu ussatlyk bilen döreden heýkelleri üçin oňa 1984-nji ýylda TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri diýen at dakylýar.

Onuň bulardan başgada birnäçe kiçi göwrümli stanokda ýasan monumentlerini belläp geçse bolar. Olardan «Gyjakçy», «Gelin», «Küýzegär», «Ýüpek sarap oturan zenan» ýaly eserleri muňa mysaldyr. Heýkeltaraşyň stanok eserleriniň her bir temasynda türkmeniň milli keşpleri döwrebap şekillerde ýerine ýetirilen.

Gylyçmyrat öz kärdeşi Babasary Annamyradow bilen bilelikde 1990-njy ýylda bürünçden «Şahyr Ýunus Emräniň» heýkelini döredýärler. Häzir ol eser özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Ussat heýkeltaraş her bir monumental eserinde taryhy keşplerde täze pikirleri açmaga çalyşýar.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Garaşsyzlyk» binasynda oturdylan «Görogly», «Gorkut ata», «Baýram han», «Alp Arslan» ýaly beýik şahsyýetleriniň heýkel taslamalaryny hem ýerine ýetiripdir. Gylyçmyrat bu heýkelleri sözüniň içinde öz kärdeşleri Babasary Annamyradow, Nurmuhammet Ataýew, Saragt Babaýew ýaly ussat heýkeltaraşlar bilen bilelikde döredendigini belläp geçýär. Bu ýasalan beýik şahsyýetleriň moumentleri türkmen halkynyň gadymy taryhy köklerini we olaryň gylyk – häsiýetlerini, içki dünýäsini açyp görkezýär.

Onuň döredijilik zehini bilen döredilen heýkellerine daşary ýurtlarda hem uly baha berilýär. 2009-njy ýylda Gylyçmyrat Russiýa Federasiyasynyn Moskwa şäherindäki «Rus imperatorlygynyň Çeperçilik akademiýasynyň» hormatly agzalygyna kabul edilýär.

2010-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk heýkeltaraşy» diýen ada mynasyp boldy. Sungata söýgi ýaşuly heýkeltaraşy döredijilikden ýadatmaýar. Ol häzir hem ussahanasynda täze-täze eserleri döretmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Hawa, Gylyçmyrat Ýarmämmedow Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň waspçysy hökmünde tanalmak bilen, döredijilik ýolunda döwrüň millilik nukdaýnazarlaryny öňe süren heýkeltaraşdyr. Gylyçmyrat Ýarmämmedow baý döredijiligi bilen diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem ol Merkezi Aziýada hem ussat heýkeltaraşlaryň biri hasaplanýar.

 Azady MYRADOW