Ýokary we orta hünär mekdeplerinde resminamalar kabul edilip başlandy

eye
1734
Ýokary we orta hünär mekdeplerinde resminamalar kabul edilip başlandy

Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda ýokary we orta okuw jaýlaryna girmäge höwesek daşagärlerden resminamalar kabul edilýär.Giriş synaglary we okuwa kabul etmek 12-nji iýuldan 27-nji awgust aralygynda geçiriler. Giriş çäresine we ony düzgüne laýyk geçirmeklige ýörite döredilen Döwlet topary ýolbaşçylyk eder.

Milli bilim ulgamynyň häzirki depginli ösüşi, okuw-bilim işine halkara ölçegleriniň ornaşdyrylmagy, ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady derejesiniň ýokarlanmagy, Türkmenistanyň ylmy-tehniki, ykdysady ösüşiniň çaltlanmagy bilen baglylykda geljekki okuw ýylynda hünärmenleri taýýarlamk ulgamyna käbir özgertmeler girizildi.

Mysal üçin, döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň kabiri hojalyk hasaplaşygyna geçirilýär. Olar -Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetidir.

Dalaşgärlere ýokary okuw jaýlarynda 32 ugurdan döwrebap hünärler teklip edilýär.

Mundan başga-da, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň altysy bakalawriat we magistratura maksatnamalary boýunça hünärmenleri taýýarlar. Olar -- Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetidir.

Ýokary bilimli diplomatlary taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzümi täzelendi. Taze okuw ýylynda bu ýerde Strategik barlaglar boýunça ylmy merkez, Ýaş diplomatlar mekdebi hem-de Sanly ulgamalr we kommunikasiýalar bölümi hereket eder.

Zehinleri ýüze çykarmak we ösdürmek, şeýle hem okuw meýilnamalaryna, maksatnamalaryna we gollanmalaryna täzeden garamak, olary iň gowy halkara tejribesine laýyklykda taýýarlamak – 2021-2022-nji okuw ýylynyň möhüm wezipeleriniň biridir.

Anastasiýa Kasýanowa