Ï Durmuş taýdan ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmek ugrundaky täze ädimler belli edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuş taýdan ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmek ugrundaky täze ädimler belli edildi

view-icon 2945

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynda ýurduň ösüş netijelerini jemläp, öňde duran wezipeleri kesgitlän giňeldilen mejlisiniň esasy mowzuklarynyň arasynda ýaşaýyş-durmuş syýasatynyň dürli jähetlerine aýratyn üns berildi. Bu, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap ilata durmuşy goldaw çärelerini, şol sanda deňsiz-taýsyz çäreleri amala aşyran, adam kapitalynyň ösmegine ep-esli maýa goýan türkmen döwletiniň üýtgewsiz ileri tutýan ugrudyr. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we kömek pullarynyň her ýyl artdyrylmagy, uly möçberde alnyp barylýan ýaşaýyş jaý gurluşygy, ýaşaýyş-durmuş infrastrukturasyny ösdürmek, hyzmat ediş pudagy we ş.m. türkmen halkynyň durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2007-nji ýylda Türkmenistanda 2020-nji ýyla çenli döwürde obalaryň, şäherçeleriň, etrap şäherleriniň we merkezleriniň ilatynyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini üýtgetmek boýunça giň gerimli Milli maksatnama kabul etdi. Onuň çäginde ähli welaýatlarda ýüzlerçe sosial desga, millionlarça inedördül metr meýdanly ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi, on müňlerçe kilometr agyz suwy hem lagym ulgamlary, awtoulag ýollary, elektrik geçirijiler we gaz turbalary geçirildi. Şeýle hem, häzirki zaman sosial infrastrukturaly täze obalar guruldy.

Mysal üçin, 2019-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň üç sebitinde – Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda döwrebap şäherçeleriň gurluşygy başlandy. Olarda müňlerçe maşgala üçin ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, hyzmat merkezleri, awtoulag duralgalary we sport desgalary gurulýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sebitleriň ösüş strategiýasy islendik ýurduň ösüşiniň esasy bölegi bolup durýar, şol sebäpden 2025-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň täze milli Oba maksatnamasynda bu maksatlara mümkingadar köp maýa goýumyny gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde öňde duran işiň iň wajyp ugurlarynyň arasynda 2022-nji ýyla çenli döwür üçin gurluşyk meýilnamasynyň işlenip düzülmegini kesgitlemek bilen, döwlet baştutany: “Täze obalaryň we şäherçeleriň giň gerimli gurluşygyna başladyk we kynçylyklara garamazdan, bu işi şol bir depginde dowam etdirmelidiris” diýdi. Milli Oba maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň alty aýynda 1 milliard manatdan gowrak maýa goýumy özleşdirilip, 32 sany iri desga, umumy meýdany 325 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda bahasy 640 million manatdan gowrak bolan ýokary rahatlykly ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, söwda nokatlarynyň we ş.m. meýilleşdirilen mukdary işe girizildi.

Prezidentiň nygtaýşy ýaly, bilim ulgamyny ösdürmäge köp serişde berilmelidir, sebäbi dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, hut bilime goýlan ägirt uly maýalar döwletleriň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşulmagyna mümkinçilik döredipdir. Bilim ulgamyny, esasanam, ýokary we hünärler boýunça ýöriteleşdirilen bilim ulgamyny önümçiligiň häzirki we geljekki zerurlyklaryny kanagatlandyrar ýaly döwrebaplaşdyrmak üçin döwlet serişdelerini netijeli ulanmak ilatyň hünär ussatlygyny we ýurduň adam kapitalynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu çäreler Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, onuň dünýä ykdysadyýetine mundan beýläk-de goşulyşmagyna esas döreder we zähmet bazarynyň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, ökde hünärli raýatlaryň girdejilerini köpeltmek arkaly durmuş derejesini ýokarlandyrmaga şert döreder.

Geljek ýylyň Döwlet býujetini düzmek meselesini gozgamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem käbir sosial tölegleriň her ýyl köpeldilmelidigini göz öňünde tutmak barada tabşyryk berdi. Şonda, ýurduň esasy maliýe resminamasynda her bir etrapda we şäherde mätäç adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişde berilmelidigi aýratyn bellendi. Şeýle hem, döwlet Baştutany täze iş orunlaryny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmelidigine ünsi çekdi we bu meselelere ýylyň ahyrynda aýratyn garaljakdygyny aýtdy.

Ogulgözel Rejebowa