Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda giň gerimli ekologiýa çäresini geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ählihalk bag ekmek dabarasy 2026-njy ýylyň 21-nji martynda geçiriler. Bu çäre Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýat häkimliklerine, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny saklamak meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Şu sebäpli Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer T.Atahallyýewe nahallary köpçülikleýin ekmek we olara ideg etmek boýunça ähli düzümleriň işini utgaşdyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.