Ï Balkan welaýatynyň şypahanalarynyň çagalar bölümleri hormatly Prezidentden täze «Tiz kömek» ulaglaryny aldylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynyň şypahanalarynyň çagalar bölümleri hormatly Prezidentden täze «Tiz kömek» ulaglaryny aldylar

view-icon 3265

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyndaky şypahanalaryň çagalar bölümlerine 10 sany täze «Tiz kömek» ulagyny gowşurdy. Bu waka döwlet Baştutanynyň sebite eden iş saparynyň gidişinde bolup geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Balkanabat şäherininiň gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezinde saklandy, ol ýerde ony saglygy goraýyş işgärleri güle ýüz bilen garşy aldylar. Halkyň, esasan hem ýaş nesliň saglygy barada alada etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny bellemek bilen, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan sebitiň şypahanalarynyň çagalar bölümlerine 10 sany täze «Tiz kömek» ulagyny bermek baradaky kararyny yglan etdi. Döwlet Baştutany ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen abzalaşdyrylan täze ulaglaryň açarlaryny Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrine berdi.

Ýurduň ýaş raýatlary barada edýän aladasy we watanymyzyň lukmançylygynyň maddy-tehniki esasyny döwrebaplaşdyrmak işindäki goldawy üçin Ýurt baştutanyna Saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan minnetdarlyk bildirildi.

Lukmanlar bilen söhbetdeş bolan Gurbanguly Berdimuhamedow täze «Tiz kömek» ulaglarynyň işlerinde olara degerli goldaw boljakdygyna ynam bildirdi.