Ï Elektron senagatyny ösdürmekde türkmen-rus hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elektron senagatyny ösdürmekde türkmen-rus hyzmatdaşlygy

view-icon 3148

Russiýanyň Moskwanyň ýörite ykdysady zolagynda (ÝYZ) ýerleşýän mikroelektronika öndürýän we eksport edýän iň iri «Mikron» şereketi önümlerini Türkmenistanda tanatmaga başlaýar. Bu barada ýakynda «RIA Nowosti» habar berdi.

Bu metbugat gullugynyň habar bermegine görä, hyzmatdaşlyk we bilelikdäki tehnologik taslamalary durmuşa geçirmek baradaky şertnama «Mikron» şereketi bilen Türkmenistanyň elektrik enjamlaryny öndürýän «Aýdyň gijeler» şereketi gol çekdi. Ylalaşyklar obýektleri kesgitlemek, senagat önümlerini markalamak, giriş gözegçiligi we dolandyryş ulgamlary (GGDU), elektron resminamalar, akylly kartlar hem radio ýygylygy arkaly kesgitlemek (RÝAK) pudagyndaky taslamalary bilelikde işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Russiýa Federasiýasynyň ýarymgeçirijiler pudagynda öňdebaryjylardan biri bolan «Mikron» şereketi goragly maglumat göterijiler, kesgitleýji, töleg we ulag resminamalary, energiýa dolandyryşy we sanly ykdysadyýtiň dürli pudaklary üçin RFID-markalama üçin integral shemalary goşmak bilen, 700-den gowrak önüm öndürýär.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň kömegi bilen bary-ýogy bäş ýyl ozal döredildi. Ol 2017-nji ýyldan bäri kuwwaty 3 watdan 96 wata çenli bolan energiýany tygşytlaýan, ekologiýa taýdan howpsuz ýagtylyk berýän diodly (LED) lampalary, şeýle hem LED potolok çyralaryny, awtomobil ýollaryny yşyklandyrmak üçin alýumin prožektorlary öndürýär. Bu şereket ýurtda ilkinjileriň biri bolup, dürli görnüşli elektrik enjamlaryny öndürip başlady. Häzirki wagtda «Aýdyň gijler» HJ suwuk kristal we LED telewizorlary, kompýuterleri, routerleri we kommutatorlary-da öz içine alýan ýokary hilli önümleri bilen tanalýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolup geçen giňeldilen mejlisinde ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek we degişli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler gozgaldy. Ykdysadyýeti dürlüleşdirmegiň çäginde daşary ýurt önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmegi ýokarlandyrmak, daşary ýurda iberilmegi niýet edilen önümleriň möçberini artdyrmak, elektron pudagyny döretmek üçin döwlet maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow elektron senagatynda öňde goýlan meseleleri çözmek üçin, işgär taýýarlama ulgamyny döretmegi tabşyrdy.

Ogulgözel Rejebowa