Ï BSGG “Dynç alyş ýerlerinde suwuň hili babatynda täze gollanma ýörelgelerini” çykardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BSGG “Dynç alyş ýerlerinde suwuň hili babatynda täze gollanma ýörelgelerini” çykardy

view-icon 2673

Adatdan daşary yssynyň düşmegi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “Dynç alyş ýerlerinde suwuň hili babatynda täze gollanma ýörelgelerini” çykardy.

Onda suwuň hiline bolan sanitariýa we arassaçylyk talaplary, şeýle hem gözegçilik we barlag, hapalanmaga garşy göreş we suw desgalaryny howpsuz ulanmak mümkinçiligi barada ilata habar bermegiň öňdebaryjy usullary beýan edilýär.

Ylmy maglumatlara we dünýädäki iň oňat tejribelere esaslanýan Gollanma ýörelgeleriniň iň soňky neşirinde dynç alyş ýerlerindäki suwlary ulanýanlary goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, birnäçe umumy teklipler, hususan-da, dynç alyş ýerlerindäki suw desgalarynyň sanitariýa we arassaçylyk ýagdaýy üçin umumymilli talaplary girzmek, dynç alyş ýerlerindäki suwlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meýilnamalar işläp düzmek, şeýle hem dynç alyş zolaklarynda yzygiderli epidemiologik gözegçiligi amala aşyrmak ýaly teklipler berlipdir.

“Bu ýörelgelere eýermek kenarýaka dynç alyşlarynyň geljek birnäçe nesil üçin şatlykly we ýatdan çykmajak wagt bolmagyna ýardam eder” diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sanitariýa we suw arassaçylygy toparynyň ýolbaşçysy Kit Medlikott aýtdy.

Öz gezeginde, BSGG-niň Daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we saglyk bölüminiň müdiri doktor Mariýa Neýra ýurtlaryň dynç alyş ýerlerdäki suwlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, milli ulgam döretmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Aýjahan Ataballyýewa