Ï BSG taryhda ilkinji gezek adam genomyny üýtgetmek boýunça ählumumy maslahatlary beýan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BSG taryhda ilkinji gezek adam genomyny üýtgetmek boýunça ählumumy maslahatlary beýan etdi

view-icon 2194

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy birbada iki hasabat goýberdi, olarda taryhda ilkinji gezek adam genomyny redaktirlemek boýunça ählumumy maslahatlar beýan edildi. Bilermenleriň pikirine görä, adam genomyny üýtgetmek jemgyýetiň saglygyny goramagyň netijeli we howpsuz guraly bolmalydyr – diýip BMG-nyň Täzelikler Merkezi habar berýär.

BSG-nyň halkara bilermenleriniň 18-sinden ybarat, 2018-nji ýylda döredilen toparynyň taýýarlan resminamasynda adam genomyny redaktirlemek boýunça barlaglary geçirýän degişli halkara, milli, sebit we ählumumy mehanizmlere maslahatlar berilýär.

«COVID-19 pandemiýasy howply kesellere garşy göreşde täze gurallary we usullary ulanmagyň hem-de adam genomyny redaktirlemek boýunça barlaglaryň mümkin bolan artykmaçlyklarynyň möhümligini görkezdi. Ol şeýle hem peýdasynyň artmagy we zeleliniň azalmagy üçin tehnologiýalary takyk işläp taýýarlamagyň, ygtybarly barlaglary geçirmegiň we olaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň zerurlygyny bize ýatladýar» - diýlip BSG-nyň maslahatlarynda aýdylýar.

Maglumatyň çap edilmegi adam genomyny redaktirlemäge bagyşlanan köptaraplaýyn ählumumy maslahatlaryň netijesi boldy. Iki ýyldan gowrak dowam eden işe alymlaryň ýüzlerçesi , din, syýasy we jemgyýetçilik liderleri, şeýle hem dürli ýurtlaryň ýerli halklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Adam genomyny redaktirlemek howply keselleriň köpüsini bejermekde biziň mümkinçiliklerimizi has ýokarlandyryp biler – diýip BSG-nyň Baş sekretary Tedros Gebreýesus aýtdy.—Ýöne bu tehnologiýa, deňsizligi çuňşaldyrmaga däl-de, adamlaryň ählisiniň abadanlygyna gönükdirilende doly derejede ulanylyp bilner».

Keseli çalt we takyk anyklamak, şeýle hem genetiki bozulmalary bejermek hem olaryň onuň öňüni almak adam genomyny redaktirlemegiň artykmaç taraplarydyr. Näsagyň DHK-syny üýtgetmäge mümkinçilik berýän somatiki gen terapiýasy ozal WIÇ we beýleki howply keselleri bejermekde üstünlikli ulanylypdy.

Geljekde bu has öňe gidişli usul düwnük keselleriniň dürli görnüşleriniň bejergisini gowulandyryp biler. Ýöne şunda belli bir töwekgelçilikler hem ýüze çykýar – genetiki özgertmeleriň geljekki nesillere geçip, nebereleriň fiziologik taýdan üýtgemegine getirmegi mümkin.

«BSG-nyň bilermenleriniň Konsultatiw komitetiniň maglumatlary – gen inženeriýasy ýaly ylmyň çalt ösýän ugrundaky güýçli öňe gidişlikdir – diýip BSG-nyň Baş ylmy işgäri doktor Sumiýa Swaminatan gürrüň berýär. – Alymlaryň adam genomyny öwrenmekde batyrgaý ilerlemelerine görä, bize töwekgelçilikleri azaltmagymyz we ylmyň dünýäniň ähli künjeginde adamlaryň saglygyny gowulandyryp biljek gurallaryny kesgitlemegimiz gerek».

BSG ýakyn wagtda howpsuz gen inženeriýasy, şeýle hem häzire çenli jemgyýetçiligi alada goýýan gen tehnologiýalarynyň klinki synaglaryna has berk gözegçiligi babatda indiki ädimleri işläp taýýarlamak üçin geljekki komitetini çagyrmagy göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, BSG adam genomyny redaktirlemek boýunça bikanun, hasaba alynmadyk, etika gabat gelmeýän ýa-da bowply barlaglaryň öňüni almagyň konfisidial elýeter mehanizmini işläp taýýarlamak üçin ylmyň we lukmançylygyň düli ugurlaryna gyzyklanma bildirýän taraplary çagyrmagy göz öňünde tutýar.

Janmämmet Gulamow