Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumynyň önümleri durnukly islege eýe bolýar

eye
637
Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumynyň önümleri durnukly islege eýe bolýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Wirgin adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri daşary ýurt puluna list aýna hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million dollaryna golaý boldy.

BAE-niň, Türkiýäniň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 7 million 663 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 6 million manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.