Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 3737

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Taslamalar bilen tanyşmak üçin döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüne geldi.

Türkmen paýtagtyny gurmagyň nobatdaky tapgyrlarynyň taslamalary bilen tanyşmak Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ähmiýetli bölegidir. Şu günki çäre milli Liderimiziň golaýda geçirilen iş maslahatynyň barşynda beren tabşyrygy boýunça guraldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegine, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna hem-de amatly ekologiýa gurşawynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak we binagärlik keşbini kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, täze desgalaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň binasynyň baş meýilnamasy, binalar toplumynyň teklip edilýän ýerleşiş çyzgysy hem-de dürli tarapdan görnüşleri görkezildi. Şeýle hem S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binasyny gurmak meýilleşdirilýär.

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň şekil taslamasy bilen tanyşdy, şeýle hem A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumynyň şekil taslamasyny gözden geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz şekil taslamalaryny synlap, olara käbir belliklerini we tekliplerini aýtdy. Bu desgalar ýurdumyzda bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda gurlup, saglygy goraýyş ulgamynda iň soňky gazanylan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň şekil taslamasy hem-de “Dokmaçylar” medeni merkeziniň baş meýilnamasy, şekil taslamasy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz taslamalary gözden geçirip, guruljak desgalaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, şunda halkymyzyň milli mirasynyň aýratynlyklarynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli binalarda medeni çäreler we beýleki köpçülikleýin dabaralar geçirilende, saz öwüşginleriniň mynasyp ýaňlanmagy üçin olaryň akustika ulgamynyň hem oýlanyşykly guralmalydygyny belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjegindäki “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagynyň gurulmagy meýilleşdirilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli künjeklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalarda aşgabatlylar we şäheriň myhmanlary üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegine üns berilmelidigini belledi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Şunda adamlaryň döwrebap ýaşaýşy, göwnejaý dynç alyş bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň şekil taslamasy hödürlenildi. Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş we durmuş maksatly binalar toplumynyň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe anyk bellikleri aýtdy we düýpli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy özüniň ýerleşiş we bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanmalydyr. Desgalaryň binagärlik keşbi häzirki zaman ösen talaplaryna we milli binagärlik ýörelgelerine doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we taslamalar taýýarlananda, gurluşyk ulgamyna bildirilýän talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Halkara onkologiýa merkeziniň taslamasy bilen hem tanşyp, merkeziň adamlarynyň saglygyny goramakda örän wajypdygyny belläp, onuň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň çäginde bar bolan we döwrebaplaşdyrylmagy teklip edilýän köprüleriň şekil taslamalaryny gözden geçirdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürülýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda durmuş üpjünçiligi bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurulmagy we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ýaly ugurlar möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, olaryň bezegi wajyp ugurlaryň biridir. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmelidigini belledi.

Her ýyl türkmen paýtagtynyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze, özboluşly binalar we desgalar, döwrebap seýilgähler bilen ýetirilýär. Şolar häzirki döwrüň özboluşly şäher gymmatlyklaryna hem-de täze eýýamyň aýdyň nyşanyna, Watanymyzyň baş şäheriniň bezegine öwrülýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taýýarlanan taslamalary bilen tanyşlygyny tamamlap, eziz Diýarymyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işleriň hil babatda halkara ölçeglere gabat gelmeginiň, binalaryň daşky we içki bezeginde milli bezeg ýörelgeleriniň giňden ulanylmagynyň zerurdygyny nygtady. Şäherde we onuň daş-töwereginde amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamak esasy talap bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi