Hemmelere elýeterli syýahatçylyk boýunça ilkinji halkara standart

eye
2456
Hemmelere elýeterli syýahatçylyk boýunça ilkinji halkara standart

Halkara standartlaşdyrma guramasy (HSG) dünýäde ilkinji elýeterli syýahatçylyk standartyny – HSG 21902 «Syýahatçylyk we ugurdaş hyzmatlar – Hemmeler üçin elýeterli syýahatçylyk – Talaplar we maslahatlar» neşir etdi. 

Halkara standarty hemmeler üçin syýahatçylyga deň elýeterliligi üpjün etmek üçin, ýol görkeziji ýörelgeleri teklip edýär. Mysal üçin, syýahatçylyk edaralary ýazmaça habarlarynda suratlar we grafikalar, zerur ýerinde bolsa gapma-garşy reňkler we okamasy aňsat şriftler bilen logiki yzygiderlilikli sadadan düşnükli dili ulanmalydyrlar. Bu standart mümkinçiligi çäkli (maýyp) syýahatçylara kömek etmek üçin-de niýetlenendir. 

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (BMGBSG) syýahatçylyk operatorlaryna we syýahatçylyk pudagynda işleýän döwlet edaralaryna gönükdirilen bu uniwersal standartyň halkara derejesinde işlenip düzülmegine hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýolbaşçylyk etdi.

2021-2022-nji ýyllaryň dowamynda bu halkara guramalar dünýäde elýeterli syýahatçylygyň standartlar arkaly sazlaşygyny görkezmek maksady bilen, bilermenler bilen bilelikde hyzmatdaşlary üçin maglumat kampaniýasyny geçirerler. 

                                                                                       Aýjahan Ataballyýewa

Täze habarlar