Türkmen küştçüsiniň bürünç sylagy

eye
2543
Türkmen küştçüsiniň bürünç sylagy

Ýakynda Serbiýada bu ýurduň küşt federasiýasy tarapyndan gurnalan halkara ýaryş – International OPEN «Paracin 2021» tamamlandy. Dürli ýurtlardan gelen küştçüler iki derejeli toparda – «A» toparda iň güýçli türgenler, «B» toparynda bolsa sportuň bu görnüşiniň höwesjeňleri baýrak ugrunda göreşdiler.

«A» toparynda geçirilen halkara festiwala kyrk ýurtdan baran 180 türgen bilen bilelikde türkmen küştçüsi Meýlis Annaberdiýew-de gatnaşdy. Oýunlar Şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Meýlis alty oýunda ýeňiş gazandy, ikisini deňe-deňe etdi, bir gezegem ýeňlişe sezewar boldy. Şeýlelikde, ol mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk gazandy. 

Netijede, aşgabatly sportçy M.Annaberdiýew ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy. Özi-de, kümüş medaly alan hindistanly küştçi-de 7 utuk gazanyp, diňe goşmaça görkezijiler boýunça öňe saýlandy, ýaryşyň başyny çekýän azerbaýjanly küştçi bolsa ondan ýarym utuk artyk (7,5) gazandy.

M. Annaberdiýewiň halkara küşt ussadydygyny, birnäçe halkara ýaryşda, şol sanda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp bolandygyny, ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony, Türkmenistanyň milli toparynyň agzasydygyny we Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň uçurymydygyny bellemelidiris. Meýlis maşgala däbini dowam etdirýär. Ol Annaberdiýewleriň küştçi maşgalasynda önüp-ösdi. Onuň ilkinji mugallymy kakasy – FIDE ussady Baýram Annaberdiýew, soň bolsa agasy – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew boldy.

Häzir Meýlis Türkiýäniň Mersin şäherinde legioner bolmak bilen, bu ýurduň ýokary ligasynda şertnama boýunça üstünlikli çykyş edýär.

Larisa Fomina

Täze habarlar