Ï Watana hyzmat etmek üçin doglan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watana hyzmat etmek üçin doglan

view-icon 5676

Ýurdumyzyň sport taryhynda Marat Nyýazowdan beter rowaýata öwrülen şahsy tapmak kyn bolsa gerek. Ol ýarym asyrdan gowrak mundan öň, 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda tüpeň atmak boýunça ýaryşda kümüş medal gazanmak bilen, türkmen türgenlerinden ilkinji bolup, dünýäniň her bir türgeni üçin iň arzyly sekä ýol açypdy.

Durmuşda hiç zat sebäpsiz ýere, öz-özünden ýüze çykmaýar. Her bir tötänlik, birgiden kanunalaýyklygyň netijesidir. Uzak geçmişde galan 1953-nji ýylda Moskwanyň Gubkin adyndaky Nebit-gaz institutynyň talybynyň hut tüpeň atmak sportuny saýlamagy Marat Ataýewiçiň häsiýeti, ýagny öz öňünde bir maksat goýup, oňa ymtylmak başarnygy bilen kesgitlenipdi. Ýaşan döwründe ukypdyr başarnygyny görkezip, durmuşda ornuny tapyp bilmedik adam hakda gynanç bilen, “biwagt doglan” diýilýär. “Eger ol mundan ýüz ýa-da iki ýüz ýyl ozal ýaşanam bolsady, özüniň ähli ukypdyr başarnygyny görkezerdi. Ýöne döwür saýlanmaýar, her döwürde-de öz ýeriňi tapmak mümkindir. Marat Nýýazow ykbalyň beren möhletinde özüniň nämä ukyplydygyny doly görkezdi. On bäş ýyllyk sport dumuşynda ol her bir türgeniň hötde gelip bilmejek belentliklerine ýetdi. Onuň ömründe gazanan ýeňişleriniň diňe sanawy-da adamy haýran galdyrýar: Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalçysy, dünýäniň we Ýewropanyň ýedi gezek çempiony, on bir gezek dünýä rekordçysy, at gazanan sport ussady.

Uly sportdan çykyp, tälimçilige geçmek bilen, Marat Nyýazow bu ýerde-de hünärine ökde ezber tälimçi hökmünde bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Ol bolgariýaly türgenleri taýýarlady, filippinli, mýanmaly, kuweýtli atyjylara tälim berdi.

Ýöne bularyň bary – onuň durmuşynyň sport bilen baglanyşykly tarapy. Marat Nyýazow haýsy asyrda ýaşan hem bolsa, hemişe wyždan, mertebe we adalat düşünjelerine wepaly bolup galardy. Ýaşaýyş söýgüsi bilen joşýan, baý ruhyýetli bu adam soňlugy bilen täze atlara – ýasdykdaşyna söýgi, perzent aladasy bilen ýaşaýan kaka, mähirli ata ýaly atlara eýe boldy. Onuň segsene gadam basanyna esli wagt bolupdy, ýöne şonda-da dünýäni aýlanyp, tälimçilik işini dowam etdirýärdi. Bir gezek şeýle karara geldi: boldy, besdir, onuň öýi, söýýän we söýülýän aýaly, çagalary, agtyklary bar, ömrüniň güýzüni asuda garşylamak üçin, adama başga näme gerek? Emma ýumşak düşekçede dynç oturmak miýesser etmedi.

Marat Ataýewiç Nyýazow 75 ýaşyndaka, meşhur türgeniň durmuşynda ýatsa-tursa oýuna-da gelmedik bir waka bolup geçdi: ony filmde surata düşmäge çagyrdylar. Oguzhan adyndaky Döwlet kino birleşiginiň režissýory Kerim Annanow kakasy Baba Annanowyň nowellasy esasynda “Güýz” atly gysga metražly filmi surata düşürip başlapdy we baş roly ýerine ýetirjek adamy agtarýardy... Birden ol şäherde köne tanşy Marat Niýazowa gabat geldi. Meşhur atyjy pişge murtlarynyň üstesine sakgal-da goýberipdi. Bu bolsa oňa nurana sypatly ýaşulynyň keşbini berýärdi. Ony görende, režissýor: “Ine meniň gahrymanym” diýip oýlandy. Marat aga ssenarini okandan soň, derrew hödürlenen roly ýerine ýetirmäge razy boldy.

“Güýz” iki sany ýalňyz garry – Balaja aga bilen Aksoltan eje hakyndaky ýürek gobsundyryjy hekaýatdyr. Ençeme ýyl ozal bir bolgusyzja tötänlik olaryň biri-birine gowuşmagyna päsgel beripdir, ýöne onlarça ýyldan soň şowly bir hadysa olary biri-biri bilen duşurýar. Hünäri boýunça aktýor bolmasa-da, Marat aga bu roluň hötdesinden aňryýany bilen geldi. Bu, aktýoryň janlandyrýan keşbine doly suratda girmegidi.

Film güýzde Aşgabadyň etegindäki iň gözel ýerlerde surata düşürildi. Bu, halypa türkmen sportçysynyň iň soňky güýzi boldy. Şol ýylam Marat Ataýewiç aradan çykdy. Filmde Balaja aganyň barmaklary bilen tüpeňi şekillendirip, gagyldap, ýüregine düşen garga çenenýän bir sahna bar. Näme diýjek: atyjy – atyjy-da.

Wladimir Zarembo