Ï Türkmenistanlylar GDA ýurtlarynyň mekdep sport festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanlylar GDA ýurtlarynyň mekdep sport festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýarlar

view-icon 3141

11 – 15-nji sentýabr aralygynda Ulýanowsk oblastynda (Russiýa) GDA agza ýurtlaryň Halkara mekdep sport festiwaly geçiriler. Onda, däp boýunça, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzstanyň, Belarus Respublikasynyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň toparlary kiçi futbol, basketbol, woleýbol, stol tennisi, badminton we küşt ýaly sport oýunlarynda öz başarnyklaryny görkezýärler. Medeni we aň-bilim maksatnamasy festiwalyň möhüm bölegi bolmak bilen, oňa gatnaşýanlar sebit ýaşaýjylarynyň milli däpleri bilen tanşarlar, sebitiň gözel ýerlerine we muzeýlerine gezelenç ederler, şeýle hem görnükli türgenlerden ussatlyk sapaklaryny alarlar.

«GDA ýurtlarynyň festiwaly «Çagalar sporty» federal taslamanyň iň möhüm çärelerinden biridir. Şeýle ýaryşlara gelýän mekdep okuwçylary diňe bir täze dost tapynmak bilen çäklenmän, eýsem başga ýurtlaryň medeniýeti bilenem tanyşýarlar we iň esasysy, bize, ýagny ululara «şol bir dilde gürleşmäge» we dostlukly gatnaşyklarymyzy berkitmäge kömek edýärler», diýip «Çagalar sporty» federal taslamasynyň koordinatory Irina Rodnina aýtdy.

GDA agza ýurtlaryň halkara mekdep sport festiwalynyň 2013-nji ýyldan bäri geçirilýändigini, onuň ýaş nesli bedenterbiýä we sporta çekmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge, şeýle hem çagalaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini bellemelidiris.

Aýjahan Ataballyýewa